Gepleşigimiziň bu sanynda milliardlarça kilometrlik ýola çykyp, uran we neptun hakynda söhbet etmek isleýäris. Güneş ulgamynyň soňunda ýerleşýän bu iki planetanyň näme üçin buz läheňidigine ser salalyň.
Uran, güneşe alyslygy taýdan ulgamda 7-nji orunda durýar.Güneşden alysda bolmagy taýdan ýyldyzyň ýylylygyndan çäkli mukdarda peýdalanýar.Uranyň atmosferasy wodorod we geliý ýaly ýeňil gazlardan ybaratdyr. Şeýle hem az mukdarda metan gazyny özünde jemleýär.
Planetada dykyz we gysylan buz gatlagy bar. Şol buz gatlagy suw, ammiak we metan ýaly doňa ingrediýentlerden emele gelýar.Magnetiki giňişligi sebäpli uran, güneş ulgamyndaky beýleki planetalara görä has egri okda aýlanýar.
Güneşe bolan alyslygynyň ýany bilen ok egriligi sebäpli hem kadaly burçlardan günüň şöhlesini almaýan planetadaky buzlar eremeýär.
Güneş ulgamynyň iň alysdaky planetasy neptunyň atmosferasy bolsa uranyň atmosferasyna meňzeş bolup, wodorod, geliý, suw, ammoniý we metan ýaly buzly ingrediýentlerden emele gelýär. Planetanyň dünýämiziň ululygyna barabar ýadrosy esasan buzdan ybarat. Şol äpet buz massasynyň aýlanmagy neptunyň Güneş ulgamyndaky iň güýçli magnetiki giňşişliklerinden birine eýe bolmagynyň sebäbidir.
Bu ägirtleri, gaz ägirtlerindäki ýaly kristal gatlagy bolmadyk we esasan gazlardan ybarat bolan, emma düzümleri elementler sebäpli olardan tapawutlanýan planeta toparyny aňladýar. Buz ägirtleri, buzdan emele gelýän gatlagy özünde jemlemeýär. Buzly maddalar ýokary ýylylykly atomuň üstünde ýerleşýär. Güneş ulgamyndaky buz ägirtleri uran we neptun, Woýager 2 atly kosmos ulagy tarapyndan öwrenilýär.