Uralogly: "Türksat 6A-ny 2024-nji ýylyň iýun aýynda älem giňişligine uçurarys" diýdi

Uralogly: "Türksat 6A-ny 2024-nji ýylyň iýun aýynda älem giňişligine uçurarys" diýdi

Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly ýurduň paýtagty Ankara şäherinde TÜRKSAT Älem ýer ulgamlarynyň ätiýaçlyk merkeziniň açylyşynda çykyş etdi.

Ilkinji milli aragatnaşyk hemrasy Türksat 6A-nyň ençeme kyn synaglardan üstünlikli ýagdaýda geçendigini aýdan Uralogly: "Geçiren işlerimiziň netijesinde 2024-nji ýylyň mart aýynda ýer gowşurylyş işleri amala aşyrylar. Şol tapgyrdan soň SpaceX firmasy bilen gazanylan ylalaşygyň çäginde Türksat 6A-ny iýun aýynda älem giňişligine uçurmagy maksat edinýäris.

Hyzmat bermäge başlan mahaly beýleki emeli hemralarymyzy çäginde bolmaýan Günorta we Gündogar Aziýa ýaly täze seitlerede hyzmat bermäge başlap, sebitimizdäki lider pozisiýamyzy has hem güýçlendireris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň Iň Gowy 100 Portunyň Arasynda 4 Türk Porty Ýer Aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny