Uralogly: "Pekin bilen Londonyň arasynda ýük daşamagyň möhledi 25 güne çenli azalar" diýdi

Uralogly: "Pekin bilen Londonyň arasynda ýük daşamagyň möhledi 25 güne çenli azalar" diýdi

Türkiyäniň Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly, Galkynyş Ýoly Taslamasy bilen Hytaýyň paýtagty Pekin şäheri bilen Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheriniň arasyndaky ýük daşamagyň möhlediniň 25 güne azaljakdygyny habar berdi.

Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly paýtagt Ankara şäherinde Türk dünýäsiniň Inženerler we Binagärler Bileleşigi tarapyndan geçirilen "Zengezur koridorynyň ähmiýeti" atly maslahatyň açylyşynda çykyş etdi.

Soňky 22 ýylda Türkiyede takmynan 45 milliard dollarlyk transport taslamasyny durmuşa geçirendiklerini aýdan Abdulkadir Uralogly, mundan soň hem ýurt derejesindäki demir ýol torlarynyň halkara koridorlaryň çäginde özgerdiljekdigini beýan etdi.

Abdulkadir Uralogly transportda durmuşa geçirjek taslamalary bilen Pekinden, Orta Aziýadan ýola çykan otlylaryň arakesmesiz ýagdaýda Londona ýetiriljekdigini habar berdi.

Azerbaýjanda Türk dünýäsini biri-biri bilen birleşdirjek Zengezur koridory boýunça uly sepgide ýetilendigini, Türkiye tarapynda bolsa işlere şu ýyl başlajakdyklaryny aýdan Abdulkadir Uralogly: "Pekinden ýola çykýan bir ýük, Londona Umyt burnundan 45 günde, Suets kanalyndan bolsa 35 güne baryp ýetýär. Ýük durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän Pars aýlagyndaky Faw portyndan başlajak liniýa bilen ýurdumyza we ol ýerden hem Ýewropa gider.

Ady agzalan taslama bilen ýük daşamagyň möhledi 25 güne çenli azalar" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Howa Ýoly Arkaly Antalýa Gelenleriň Sany Taýdan Rekord Goýuldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny