Uraloglu: DKTR-daky Täze Erjan howa menzili Erdoganyň gatnaşmagynda geçiriljek dabara bilen açylar

Uraloglu: DKTR-daky Täze Erjan howa menzili Erdoganyň gatnaşmagynda geçiriljek dabara bilen açylar

Türkiyäniň Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda (DKTR) gurluşygy tamamlanan Täze Erjan howa menziliniň 20-nji iýulda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçiriljek dabara bilen hyzmat bermäge başlajakdygyny mälim etdi.

DKTR-daky Täze Erjan howa menzili bilen bagly ýazmaça beýannama beren Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu howa menziliniň synag uçar gatnawlarynyň üstünlik bilen tamamlanandygyny mälim etdi.

Howa menziliniň açylyşynyň Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda 20-nji iýulda amala aşyryljakdygyny aýdan Abdulkadir Uraloglu: "400 million ýewro maýa goýumly howa menziliniň, ýolagçy kuwwaty 10 million adam.Uzynlygy 2 müň 755 metr ozal bar bolan uçuş-gonuş zolagy bilen deňeşdirilende, täze gurulan 3 müň 100 metrlik täze uçuş-gonuş zolagy ýolagçy uçarlarynyň ähli modellerini ulanmak üçin amatlydyr. 9-y ýapyk, 21-i açyk bolmak bilen jemi 30 uçara niýetlenen park bar.

Howa menzili täze terminal binasy bilen adanyň keşbini üýtgeder, şeýle hem giňeldilen mümkinçilikleri bilen uly göwrümli uçarlary kabul eder" diýip habar berdi.

Türkiyäniň Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu Täze Erjan howa menziliniň döwrebap binagärçiligi we tebigat üçin amatly bolan aýratynlyklary bilen nusgawy bir howa menzili boljakdygyny belläp: "Täze Erjan howa menziliniň syýahatçylyga we ykdysadyýete uly goşandy bolar. Täze howa menzili göwrümi bilen Türkiyäni DKTR bilen, DKTR-nyň hem dünýä bilen birleşdirer" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Uralogly: "Milli emeli hemra iýun aýynda uçurylar" diýdi
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny