
Asly ýewreý bolan Uolles Şon sosial medianyň üsti bilen gatnaşan gepleşikleriň birinde, Ysraýylyň Gaza garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan we 471 gün bäri dowam edýän hüjümleriniň üstünde durup geçdi.
Ysraýylyň palestinalylaryň topraklaryny basyp alandygyny aýdan Şon: "Ysraýyllylar beýleki adamlaryň ýerlerini basyp aldylar, adamlaryň öýlerini ellerinden aldylar we nasistleriň ýewreýlere eden köp zatlaryny etdiler" diýip habar berdi.
Ysraýyllylaryň palestinalylara garşy alyp barýan işleri bilen öwünýändiklerini aýdan Şon, eden işleriniň käbir derejede faşistleriň edenlerinden has erbetdigini beýan etdi.
Amerikaly aktýor Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky basyp alyşlygyna we Gazada 7-nji oktýabrdan soň başlan hüjümlerine berýän reaksiýalary bilen tanalýar.
Uolles Şon bilen birlikde jemi 54 aktýor Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerini bes edip, ýaraşyk baglaşmagy bilen bagly ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jo Baýdene hat ugradypdylar.