“Uolles bilen Gromitiň” dowamy bolar

“Uolles bilen Gromitiň” dowamy bolar

2020-nji ýylda “Aardman Animations” studiýasy Netflix internet göwünaçyşlyklar platformasy bilen birlikde “Towuk ketekden gaçyşlyk” atly animasion filmiň dowamyny surata düşürmekde hyzmatdaşlyk edýändigini habar beripdi, golaýda bolsa bu kinostudiýa geçen ýyllaryň ýene bir multiplikasion hiti— “Uolles bilen Gromitiň” dowamynyň üstünde işleýändiklerini habar berdi.

Oýlap tapyjy Uolles we onuň köpegi Gromit ekrana on ýyldanam köp wagty geçirip dolanarlar, olar baradaky soňky film 2008-nji ýylda kinoteatrlara çykypdy. Täze bölümiň has-da gyzykly we gülkünç boljakdygyny studiýanyň hünärmenleri belleýärler. Animasion kinony 2024-nji ýylda ekranlara goýbermek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Aardman studiýasy mutfilmleri üçin çig mal ýetmeýändigini ýalana çykardy
Lebapda içege ýokançlyklarynyň bir görnüşi köpelýär
Garaşsyz neşir: Sarymtyl reňkdäki towuk eti satuwa çykaryldy
Aşgabatda käbiri bazar nyrhyndan-da gymmat subsidirlenen önümler satylyp başlandy
Tebigy D witamini we onuň adamyň saglygyna peýdalary
Öňki prezidentiň saparyna taýynlanýan Lebapda arzan azyk önümleri peýda boldy
Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri