Universal Kung-fu panda 4-iň görkeziljek senesini mälim etdi

Universal Kung-fu panda 4-iň görkeziljek senesini mälim etdi

Universal "Kung-fu panda" multfilminiň dördünji bölüminiň çykaryljak senesini bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär.

Multfilmiň dünýä möçberindäki görkezilişi 2024-nji ýylyň 8-nji martynda geçer.Franşizanyň täze bölüminiň režissýorynyň kürsüsinde kimiň oturjagyny studiýa häzirlikçe aýtmaýar. Ýöne baş gahrymana ses berjegiň ýene aktýor Jek Blek boljagy mälim.

Animasiýa lentasyndaky wakalaryň ýene Hytaýyň çäginde ýaýbaňlanjakdygy, multfilmi işläp taýýarlamak bilen Dream Works Animation-nyň - "Kung-fu panda"-nyň öňki bölümlerini işlän prodakşnyň meşgullanjakdygy habar berilýär. "Kung-fu panda" - iň şowly çykan animasion kinofranşizalaryň biridir.

Ilkinji düşürilen üç film dünýä prokatynda 1,8 mlrd dollar toplady. Şeýle-de, 2016-njy ýylda üçünji film çykandan soň, iki serial: "Ykbalyň penjejikleri" we "Aždarhanyň rysary" kino äleminiň perzendi Dream Works Animation-yň gorunyň üstüni ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Mançesteriň reňki gyzyl
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
25-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän ýetginjekler üçin lagere we mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşýar
Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!
Ilkinji gezek gol geçirip bilmedik Ronaldo, şol sanda ýoldaşlary öýlerine dolanmaly boldy