Amerikan awiakompaniýasy United Airlines Holdings Inc. uçýan taksileri öndüriji Eve Air Mobility kompaniýasyna 15 mln dollar maýa goýdy. Bu barada awiagatnadyjynyň habarynda aýdylýar diýip, interfax.az belleýär.
United Airlines 200 sany dört orunlyk elektrik awiamobillerini we goşmaça elektrokarlary satyn almak üçin 200 opsiony satyn almak barada şertnama baglaşdy.Ilkinji üpjünçiligiň 2026-njy ýylda bolmagyna garaşylýar. Şertnamanyň çäklerinde United we Eve Air Mobility şäheriň howa çalasynlygy (urban air mobility, UAM) gurşawynda täze taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk eder.
United öňem uçýan taksilere maýa goýupdy. Ýagny, 2021-nji ýylyň fewral aýynda kompaniýa Archer Aviation Inc.kompaniýasynyň önümi üçin 1 mlrd dollarlyk sargyt etdi.