“Unilever” kompaniýasy çaý telekeçiligini satdy

“Unilever” kompaniýasy çaý telekeçiligini satdy

CVC Capital Partners hususy maýa goýum kompaniýasy Unilever kompaniýasynyň çaý telekeçiligini 4,5 milliard ýewro (5,2 milliard dollar) satyn aldy, bu barada Financial Times gazetine esaslanyp, UNN habarlar gullugy habar berdi.

Lipton we Brooke Bond söwda ýarlygy astynda çaý önümlerini öndürýän Unileveriň şahamçalaryny satyn almaga Advent we Carlyle amerikan maýa goýum kompaniýalary hem isleg bildirdi.

Habara görä, Unilever her ýyl 1 milliard ýewro girdeji getirýän çaý aktiwlerine gözegçiligi saklap aldy, onuň önümleriniň, esasan hem, Hindistanda we Indoneziýada sarp edilişi barha artýar. Mundan başga-da düýp edarasy Londonda ýerleşýän bu kompaniýa PepsiCo kompaniýasy bilen sowuk çaý önümçiligi boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekçi bolýar.

Unilever azyk harytlaryny, durmuş himiýasy we parfýumeriýa önümlerini öndürýär, olaryň söwda ýarlyklarynyň sany müňden gowrakdyr, olaryň arasynda Knorr bulýonlary, Calvé üwmeçleri, souslardyr maýonezler, Domestos, Glorix we Cif durmuş himiýasy, şeýle-de Rexona, AXE, Dove brendli kosmetika we parfýumeriýa bar.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň maýa goýum gaznasy Unilever kompaniýasynyň Lipton we Brooke Bond markalaryny satyn alýar
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat öýi satyn aldy
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy