Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynda (UNESCAP) Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Maşalow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-nyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilçisi UNESCAP-yň dowamly goldawyny belläp we şu ýylyň maý aýynda geçiriljek UNESCAP-ň 79-njy mejlisinde kabul edilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Aral deňzi boýunça rezolýusiýa boýunça gurama tarapyndan berilýän goldawa öz minnetdarlygyny bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Soňra täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu nukdaýnazardan, täze şäheriň gurulmagynyň, döwlet binýadyny berkitmäge, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri göwrümli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysalydygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda, duşuşygyň guralmagyna minnetdarlyk bildirip ilçi UNESCAP-yň ýerine ýetiriji sekretaryny Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.