4-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Sebitleýin geňeşçisi Mario Apostolowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen UNECE-iň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çägindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen tarapy SPECA-nyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny mälim etdi. Şu nukdaýnazardan, Maksatnamanyň düzümini kämilleşdirmek we işini özgertmek, şol sanda SPECA-nyň Maksatlaýyn Gaznasyny we Sekretariatyny döretmek ýaly meselelere seredilip geçildi.