Döwlet dükanlarynda un paýlarynyň ýany bilen ilata hödürlenilýän towuk butlary we ýumurtgalar elden-ele geçip, iň soňunda fermalara baryp düşýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynyň Türkmengala we Ýolöten etraplaryndaky döwlet dükanlarynda un paýlarynyň ýany bilen ilata satylýan towuk butlarynyň hem-de ýumurtgalaryň yzyny çaldylar. Ýaramaz hilli guş etleri we ýumurtgalar döwlet dükanlarynda elmydama hyrydar tapyp durmaýar.
Habarçylarymyzyň anyklan maglumatlaryna görä, käbir dükançylar geçmedik azyk harytlaryny ýerli bilim resmileri bilen ylalaşyp, çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylaryna niýetlenen naharhanalara satýarlar.
Şol bir wagtda, ençeme ene-atalar çagalar baglarynyň hem-de başlangyç mekdepleriniň naharhanalarynda towuk budundan hem-de ýaramaz hilli ýumurtgalardan taýýarlanylýan tagamlaryň köplenç zaýa bolýandygyny aýdýarlar.
Ýerli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň birnäçe naharhanasyndan anyklanan maglumatlara görä, aşpezler ýerli fermalaryň eýeleri bilen ylalaşyp, zaýa naharlary iým hökmünde doňuz ýataklaryna we hindi guşy fermalaryna iberýärler. Şeýlelikde, fermalaryň önümleri ýene-de aýlanyp-öwrülip fermalara dolanýar. Bu ýerde gürrüň, başdan-soňa, un paýlarynyň ýany bilen ilata hödürlenilýän towuk butlary we ýumurtgalar barada barýar.
Dükanlar
Birinjilik bilen, habarçylarymyz döwlet dükanlarynda azyk paýy hökmünde ilata hödürlenilýän unuň hiliniň ýaramazdygyny habar berýärler.
“Ýöne hojalyga hökman çörek gerek” diýip, bir alyjy aýdýar. “Iýmän-içmän oňup bolmaýar”
Şonuň üçin adamlar ýeňillikli bahadan satylýan ýaramaz hilli we ýaramaz ysly uny satyn almaly bolýarlar. Ýöne gurply hojalyklar hem bar. Olar ýeňillikli bahadan satylýan ýaramaz hilli uny satyp, ýaramly un satyn alýarlar.
Türkmenistanda indi ençeme ýyllardan bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda hususan-da sebitlerde ykdysady ýagdaýy pes hojalyklar döwlet dükanlarynda ilata paýlanylýan ýeňillikli azyk önümlerine mätäç galýarlar.
Ýöne döwlet dükanlary bazar bahalary bilen deňeşdirilende arzan satylýan ýeňillikli azyk paýlarynyň ýany bilen, wagtal-wagtal alyjylardan rezin şypbyk, sakgyç we otly çöp ýaly goşmaça harytlary satyn almagy talap edýärler.
Türkmengalada we Ýolötende unuň ýany bilen ýaramaz hilli we yslanan towuk budy hem-de ýumurtga satylýar. Buduň bir kilesi 18 manat, ýumurtganyň bir sanysy bir manat. Ýerli ýaşaýjylar, hem unuň, hem towuk budunyň, hem-de ýumurtganyň hiliniň ýaramazdygyny aýdýarlar.
Dükançylar geçmedik harytlary çagalar baglaryna we başlangyç mekdepleriň naharhanalaryna satmagy amatly hasaplaýarlar.
“Başga näme edeli!? Bizde-de çykalga ýok” diýip, bir dükan eýesi aýdýar.
Dükançylara görä, olar hem ýeňillikli azyk paýlarynyň ýany bilen alyjylara goşmaça harytlary satmagyň özlerinden talap edilýändigini aýdýarlar.
“Biz hem goşmaça harytlary satyp, öz pulumyzy ödemeli. Emma adamlar ýumurtgany bir gezek satyn alsalar, ikinji gezek satyn almaýarlar” diýip, bir dükançy aýdýar.
Naharhanalar
Şeýlelikde, döwlet dükanlary bu ýagdaýa “iň amatly” çykalga hökmünde ýerli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň naharhanalary bilen işleşmegi “makul” hasaplaýarlar.
Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy sebitde ýaş çagaly birnäçe maşgala bilen gürrüňdeş bolup, körpeleriň bilim-terbiýeçilik edaralaryndaky iýmit ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Çagalar baglarynyň hem-de başlangyç mekdepleriň naharhanalarynda soňky wagtlarda körpelere günortanlyk hökmünde towuk çorbasy we unaş ýaly tagamlar ýygy-ýygydan berlip başlanypdyr. Emma ýaş çagalar naharlaryň iýerlik däldigini aýdýarlar.
“Çagalardan mekdepde näme iýdiň diýip, soranymyzda olar soňky wagtlarda yzygiderli ýagdaýda towuk çorbasyny iýdim, ýöne halamadym, diňe datdym’ diýip, jogap berýärler. Ýa-da ýumurtga berdiler, unaş berdiler, olary hem iýmedik diýýärler” diýip, ene-atalar aýdýarlar.
Körpeler naharhanalarda hödürlenilýän tagamlarda üýtgeşik bir ysyň bardygyny, işdäleriniň almaýandygyny aýdýarlar.
Fermalar
“Naharlar iýilmese, bize gowy. Biz naharlaryň galyndylaryny doňuz ýataklarynyň eýelerine we hindi guşy fermalaryna satýarys, pul gazanýarys” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy anonim şertlerde bir aşpeziň aýdan sözlerini getirýär.
Ene-atalar çagalar baglaryndaky iýmit üçin özlerinden gündelik 2-3 manat möçberinde pul serişdeleriniň alynýandygyny aýdýarlar.
Ýerli naharhanalardan iýmitlenýän körpeleriň arasynda soňky wagtlarda içgeçme ýaly keseller hem peýda bolýar. “Keselhanalara kabul edilýän körpeler hem bar” diýip, beýleki bir ýaş maşgala gürrüň berýär.
Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar bilim we terbiýeçilik edaralaryndaky naharhanalaryň döwlet arassaçylyk we sanitariýa gulluklary tarapyndan barlanylmaýandygyny gürrüň berýärler.
Şeýlelikde, döwlet dükanlarynda ilata un paýlarynyň ýany bilen hödürlenilýän hyrydarsyz towuk butlary we ýumurtgalar dükanlardan, naharhanalara, naharhanalardan bolsa fermalara baryp düşýär.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça ýerli söwda resmilerinden hem-de sebit häkimiýetlerinden goşmaça teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.