Umman Ýer ýüzündäki kislorodyň 50%-den gowragyny öndürýär we milliarddan gowrak adam üçin esasy ýaşaýyş çeşmesi hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, ummanyň baýlyklary we biodürlülik adamyň işi sebäpli howp astyna galýar. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň Bütindünýä ummanlar güni mynasybetli ýüzlenmesinde aýdylýar. Ol 8-nji iýunda bellenilýär diýip, BMG-niň saýty habar berýär.
BMG-niň Baş sekretary geçen ýyl klimatyň dört möhüm görkezijisiniň görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini ýatladýar: bu deňiz derejesiniň ýokarlanmagy; ummanyň gyzmagy; umman kislotasynyň ýokarlanmagy; bug gazlarynyň konsentrasiýasy. “Üç hili çökgünligiň, klimatyň üýtgemeginiň, biodürlüligiň ýitmeginiň we hapalanmanyň ahyrky netijede biziň garaşly bolan ummanlarymyzyň ýagdaýyna howp salýandygy düşnüklidir” diýip, Guterriş belleýär.
Umman bilen baglanyşykly pudaklarda 40 mln töweregi adam işleýär. Ýöne adamyň işjeňligi sebäpli ummanyň baýlyklary we biodürlülik howp astyna galýar: dünýädäki balyk gorlarynyň üçden birinden gowragy bilogiki taýdan durnuksyz derejede ýygnalýar; merjen gaýalaryň ep-esli bölegi ýok edildi, plastmassa zyňyndylaryny bolsa häzirki wagtda has uzakdaky adalarda we ummanyň çuň ýerlerinde-de tapyp bolýar. “Kenarýaka “öli” zolaklarynyň meýdany barha artýar” diýip, BMG-niň ýolbaşçysy duýdurýar.
Guterriş “tebigata garşy däl-de, onuň bilen bilelikde” işlemäge we ummanlary goramak meselesinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.
Ol belli bir öňegidişligiň bardygyny belledi: geçen ýylyň noýabr aýynda Glazgoda geçirilen klimatyň üýtgemegi baradaky konferensiýada deňiz ekoulgamlarynyň klimat üýtgemeleriniň öňüni almakdaky roly tassyklandy, mart aýynda bolsa ýurtlar plastik bilen hapalanmany bes etmäge gönükdirilen täze şertnamanyň üstünde bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.
Iýun aýynda Lissabonda umman barada BMG-niň konferensiýasy geçiriler, oňa gatnaşyjylar durnukly ösüş ugrundaky 14-nji maksadyň ýerine ýetirilişini, şeýle-de milli ýurisdiksiýanyň çäginden daşary sebitlerde deňziň biologik dürlüligini gorap saklamak we durnukly ulanmak barada täze şertnamany ara alyp maslahatlaşarlar.