Ummanda 25-nji dekabrda geçiriljek umumy saýlawlarda telefon arkaly ses berlip bilinjekdigi mälim edildi. Bu ýeňillikden ýurtda we daşary ýurtda ýaşaýan ummanlylar peýdalanyp bilerler. Ýurduň Içeri işler ministrligi ýerli häkimiýetleriň üçünji möhlet üçin geçiriljek saýlawlarynda ähli saýlawçylaryň telefon arkaly ses berip biljekdiklerini mälim etdi. Ministrlik bu barada ýakyn günlerde has jikme-jik maglumat beriljekdigini mälim etdi.
Daşary ýurtlardaky saýlawçylaryň 18-nji dekabrdan başlap ses berip biljekdigi hem mälim edildi. Aýlag ýurdunda umumy saýlawlar mundan ozal 2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda geçirilipdi.