
Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Umar Nurmagomedow Absolýut söweş çempionaty (UFC) bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada türgen sosial ulgamlarda habar berdi diýip, sport-interfax.ru belleýär.
Şertnama UFC-niň howandarlygynda russiýaly türgeniň birnäçe söweşini göz öňünde tutýar. Olaryň biri-de noýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär.
Umar Nurmagomedow UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglany. Garyşyk başa-baş söweşde Umaryň hasabynda 15 söweş bolup, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy. Olaryň arasynda UFC-niň turnirlerinde geçirilen söweşler hem bar. Onuň soňky söweşi 2022-nji ýylyň 26-njy iýunynda boldy, şonda ol Las-Wegasda amerikaly Neýt Manessden üstün çykdy.