Uly ýigrimiligiň sammiti: ýatda galyjy wakalar

Uly ýigrimiligiň sammiti: ýatda galyjy wakalar

Düýn 10-njy sentýabrda Hindistanyň paýtagtynda Uly ýigrimiligiň (G20) iki günlük sammiti tamamlandy.

Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo G20-ligiň ýygnagynda eden çykyşynda: Biz dünýäni demirgazyga we günorta, ösen we ösýän ýurtlara, gündogara we günbatara bölmeli däl! diýip, nygtady.

Sammitde eden çykyşynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Bütindünýä bioýangyç bileleşiginiň esaslandyrylýandygyny habar berdi. Bileleşik daşky gurşawy goramak we arassa energiýa geçişi çaltlandyrmak maksady bilen döredilýär. Modi sammite gatnaşyjy ýurtlary bileleşige goşulyşmaga çagyrdy.

Modi sammitde Russiýa wekilçilik edýän daşary işler ministri Sergeý Lawrowa şarf sowgat etdi, onda Uly ýigrimiligiň nyşany şekillendirilen diýip, MIR 24 ýazýar. Şarf hindi halkynyň milli Lideri Mahatma Gandi tarapyndan işlenip düzülen hadi atly matadan edilendir.

Sammit wagtynda Modiniň oturýan ornundaky tagtajykda India däl-de, Bharat diýlip ýazylypdyr. Bu ýurduň hindi dilinde atlandyrylyşydyr. Golaý geljekde ýurduň India ady iňlis sözüdigi we koloniýany hem-de gulçulygy aňladýandygy üçin Bharat diýlip atlandyrylyp bilner. Bu barada rezolýusiýa Parlamentiň 18-nji sentýabryna bellenen ýörite sessiýasynda giriziler.

Sammitiň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Onda: Häzirki zaman eýýamy uruşlaryň eýýamy bolmaly däldir diýlip, halkara jemgyýetçiligi parahatçylygy goramaga çagyrylýar.

G20 duşuşygy tamamlanandan soňra sammitiň geçýän ýerinden langur maýmynlaryň karton maketleri bilen ürküzilen martyşka maýmynlary ýene Nýu-Delä dolandylar. Olary sammitiň geçýän ýerinden kowmak üçin hatda şäheriň seýilgählerinde langur maýmynlaryň çirkin gykylygyny edýän hünärmenler ýerleşdirildi.

Sammit indiki ýyl noýabrda Braziliýanyň Rio-de- Žaneýro şäherinde geçer.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär