Gadymy Heops Patyşalygynyň IV neberesiniň faraonynyň gämisi (miladydan öň 2589-2566) Beýik Piramidalaryň golaýyndaky Uly Müsür muzeýine 48 sagatda eltildi. Gämini daşamak taslamasy ony gorap saklamaga gönükdirilendir. Agramy 20 tonna bolan gämini daşamak üçin Belgiýadan getirilen uzakdan dolandyrylýan we oňa berkidilen demir çarçuwaly ýörite akylly ulag ulanyldy.
Şa gaýygynyň uzynlygy 42 metr, ini 5 metrden geçýär. Olaryň suwa batyş derejesi 1,5 metrden köp bolmaly däl, bu bolsa olary Nil derýasynda gezelenç etmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Gämi gurlanda gadymy müsürliler diňe tebigy materiallardan agaçlardan, urnalardan we palma urganlaryndan peýdalanypdyrlar. Müsür şalarynyň gämisi 10 jübüt kürek bilen sürlüpdir.
Ýaşy 4 müň 600-den gowrak bolan bu gämi 1954-nji ýylda arheolog Kamal al-Mallah tarapyndan Giza Piramidasynyň golaýyndan tapylyp, birnäçe ýylyň dowamynda abatlanýar.
Häzirki wagtda artefaktlaryň köpüsi Gizanyň meşhur piramidalarynyň golaýynda gurulýan Uly Müsür muzeýine (Grand Egyptian Museum) daşalýar.Uly Müsür muzeýiniň gurluşygy 15 ýyl ozal başlanyp, onuň açylyşy 2020-nji ýylyň tomsunda meýilleşdirilipdi. Ýöne dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli yza süýşürildi.
Gizadaky muzeý tutuş bir medeniýetiň taryhyna bagyşlanan dünýäniň iň uly muzeýleriniň biri bolar.Muzeýiň 90 müň inedördül metr meýdanynda Gadymy Müsür hakda gürrüň berýän 10 müňlerçe eksponat, şol sanda faraon Tutanhamonyň aramgähiniň hazynasyna bagyşlanan aýratyn zal, çagalar muzeýi, abatlaýyş ussahanalary, barlaghanalar, maslahat merkezi, kafeler, garbanyşhanalar we seýilgäh bar.