Golaýda Russiýanyň esasy kitap baýragynyň netijeleri yglan edildi. Bu ýerde sanalan kitaplar 2022-nji ýylyň iň gowy kitaplarynyň sanawyna girdi. Moskwadaky Paşkow öýünde Russiýanyň “Uly kitap” baýragynyň netijeleri jemlendi. 2022-nji ýylyň on finalçysyndan ýeňijileriň ilkinji üçlügine kimler girip başardy.
“Uly kitap 2022”-niň ýeňijileri:
Birinji ýer. Pawel Basinskiý. “Anna Kareninanyň hakyky kyssasy”
Ikinji ýer. Alekseý Warlamow. “Rozanowyň ady”
Üçünji ýer. Sergeý Belýakow. “Parižli oglanjyk Moskwada”
Şeýle-de, astronom Leonid Ýelsin “Edebiýata goşan goşandy üçin” ýörite baýraga mynasyp boldy. Dabarada iň gowy kitap blogeri hem yglan edildi. “Litblog” baýragynyň eýesi “kitap syýahatçysy” blogynyň awtory Dina Ozerowa boldy. Baýragyň taryhynda ilkinji gezek “Nesiliň saýlawy” atly ýörite baýrak gowşuryldy. Oňa “Parižli oglanjyk Moskwada” atly eseri bilen Sergeý Belýakow mynasyp görüldi.
“Uly kitap” milli edebiýat baýragy 17 ýyl bäri yzygiderli geçirilýär. Ol “Rus edebiýatyna goldaw merkezi” tarapyndan Russiýanyň çeperçilik medeniýetine ep-esli goşant goşup, häzirki zaman rus edebiýatynyň jemgyýetçilik ähmiýetini ýokarlandyryp, okyjylary we jemgyýetiň ünsüni özüne çekip biljek edebi eserleriň awtorlaryny gözlemek we sylaglamak” maksady bilen döredildi.
Geçen ýyl Leonid Ýuzefowiçiň “Filellin” romany rus dilinde iň gowy proza eseri diýlip yglan edildi.