Uly hasaply ýeňişler

Iki halkara futbol ýaryşynyň, ýagny Katar 2022 Dünýä Kubogynyň hem-de Hytaý 2023 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň toparçalardaky 3-nji duşuşyklary oýnaldy.Bu tapgyrda ýeňiş gazanan toparlaryň köpüsi uly hasaplar bilen üstün çykmagy başardy.“A” toparçada Hytaýyň ýygyndysy Guamyň milli toparyny 70 utdy.

Oýunda Ýan Şu 4 gezek tapawutlandy. “B” toparçada-da Awstraliýanyň milli topary Nepaly 50 hasabynda utdy.Tapgyryň iň ýatda galan netijesi “C” toparçada hasaba alyndy.Eýranyň ýygyndysy öz meýdançasynda Kambojanyň ýygyndysyny 140 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Her ýarymda 7 gol geçirilen duşuşykda Ansarifard 4, Azmun 3, Taremi we Mohebi 2, Nurollahi, Kanaanizadegan hem-de Mohammadi 1 gezek tapawutlandy. “D” toparçada Özbegistanyň milli topary öz meýdançasynda Ýemeniň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 5 pökgi girizdi.

Gollaryň hersini bir futbolçy tora saldy. “F” toparçadaky 2 duşuşykda hem ýer eýeleri uly hasaply ýeňiş gazandylar. Ýaponlar Mongoliýany 60, gyrgyzlar bolsa Mýanmany 70 hasabynda utdy.Gyrgyzlaryň 4 goluny Edgar Bernhardt derwezä girizdi. “G” toparçada Ali Mabhutyň het-trik eden oýnunda BAE öz meýdançasynda Indoneziýany 50 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “H” toparçada Türkmenistanyň milli ýygyndysy myhmançylykda Liwan bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýun ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy (21). Ýer eýeleri 5-nji minutda Hilal El-Helwe bilen öňe saýlandy. 62-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňledi. 2 minutdan soňam, Nader Mater oýna soňky nokady goýdy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda bolsa, Koreýa Respublikasy öz meýdançasynda Şri Lankanyň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 8 pökgi girizdi.Oýunda Kim Şin-wuk 3, Hyn Min-son 2 gol geçirdi.Toparçalardaky 4-nji duşuşyklar 15-nji oktýabrda oýnalar.

“A”: HytaýGuam: 70, SiriýaMaldiwler: 21; “B”: AwstraliýaNepal: 50, IordaniýaKuweýt: 00; “C”: EýranKamboja: 140, YrakGonkong: 20; “D”: ÖzbegistanÝemen: 50, Saud ArabystanySingapur: 30; “E”: BangladeşKatar: 02, OmanOwganystan: 30; “F”: ÝaponiýaMongoliýa: 60, Gyrgyz RespublikasyMýanma: 70; “G”: WýetnamMalaýziýa: 10, BAEIndoneziýa: 50; “H”: LiwanTürkmenistan: 21, Koreýa RespublikasyŞri Lanka: 80.

Ýene degişli makalalar

Yklymyň täze çempiony
Çempion 1-nji fewralda belli bolar
Messiden öňe geçdi, Ronaldodan soň 2-nji ýerde barýar
Çärýek we ýarym final oýunlary
Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
Erdogan daşary ýurtly ilçileriň ynanç hatlaryny kabul etdi