Türkmenistanyň “Gadymy Merw” döwlet taryh-medeni goraghanasynda gadymy Uly Gyzgalany gorap saklamak boýunça türkmen-amerikan taslamasynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.
Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň berýän maglumatyna görä, 16-njy maýda geçirilen dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Allan Mastard hem-de ilçihananyň işgärleri, Medeniýet ministrliginiň, Mary welaýatynyň häkimliginiň wekilleri, alymlar we žurnalistler gatnaşdylar.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-1006-ru {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
margin-bottom: 15px;
}
#GR-1006-ru img {
width:130px;
}
#GR-1006-ru:hover {
outline:2px solid #ea6903;
}
#GR-1006-ru .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-1006-ru span {
color: #ea6903;
}
#GR-1006-ru p {
font-size: 21px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
Читайте на русском
Uly Gyzgalada abatlaýyş işlerini geçirmek we gorap saklamak boýunça amala aşyrylan taslama ABŞ-nyň “Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” döwlet departamentiniň halkara maksatnamasynyň granty esasynda maliýeleşdirilip, bäş ýylyň dowamynda amala aşyryldy.
Bu granty almak baradaky arza Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlaýyş işlerini geçirmek baradaky Milli müdirligi tarapyndan 2011-nji ýylda tabşyrylypdy. Bu bäsleşige Wýetnamyň, Gaitiniň, Hindistanyň, Iordaniýanyň, Indoneziýanyň, Laosyň, Liwanyň, Liwiýanyň, Mawritaniýanyň, Paragwaýyň, Tanzaniýanyň, Ukrainanyň, Şri-Lankanyň we Ekwadoryň degişli döwlet edaralary gatnaşyp, onda Türkmenistan ýeňiji bolýar.
“Uly Gyzgalanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalarynyň sanawyna girýändigini göz öňünde tutanyňda, türkmen hünärmenleri bu ýerde daşary ýurtly kärdeşleri — Londonyň (Beýik Britaniýa) Uniwersitet kollejiniň Arheologiýa institutynyň, Warşawa (Polşa) uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň wekilleri hem-de Grenoblyň (Fransiýa) Ýokary binagärlik mekdebiniň palçykly gurluşyk boýunça Halkara merkeziniň (CRAterre) bilermenleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işlediler” diýlip, resmi habarda bellenilýär.
Şeýle-de, maglumatda bu taslamanyň netijesinde “Gündogaryň ylym-bilim taýdan iň ösen şäherleriniň biri hökmünde Merwiň şöhratlanýan döwründe, müň ýyldan gowrak mundan ozal, VIII asyryň aýaklarynda — IX asyryň başlarynda gurlan Uly Gyzgalanyň ýaşyny takyklamak başartdy” diýilýär.
/*
initInfographics(
{
groups:[],
params:[],
isMobile:true
});
#GR-952-news-app {
outline:1px solid #DEE1E2;
height: 73px;
padding: 0px 10px;
float: none;
}
#GR-952-news-app img {
display: none;
}
#GR-952-news-app:hover {
outline:2px solid #EA6903;
}
#GR-952-news-app .text {
margin-right: 20px;
text-align: center;
}
#GR-952-news-app span {
color: #EA6903;
}
#GR-952-news-app p {
font-size: 16px;
margin:0;
color: #7C858D;
line-height: 1.2;
}
@media (min-width: 480px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 18px;
}
#GR-952-news-app img {
display: block;
width: 72px;
}
}
@media (min-width: 640px) {
#GR-952-news-app p {
font-size: 20px;
}
#GR-952-news-app img {
width: 152px;
}
}
Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň
2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanda Änewde ýerleşýän Seýit Jemaleddin metjidi, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Mäne babanyň aramgähi, Köneürgençde Soltan Tekeşiň we Nejmeddin Kubranyň aramgähleri, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Aksaraý diňi we Ysmamyt ata, Mary welaýatynda Goňurdepe köşk-ybadathana toplumy, Balkan welaýatynda Dehistandaky meşhur Maşat ata hem-de Horezm şasy Muhammed II Juma metjidi ýaly giňden tanalýan ýadygärliklerde iri abatlaýyş taslamalary geçirildi.
Lebap welaýatynda Daýahatyn kerwensaraýyny abatlamak işleri hem dowam edýär. Bu desgalaryň ählisinde ABŞ-nyň “Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gazna” grantynyň goldamagynda abatlaýyş işleri geçirildi.