Uly girdeji gazandy

Dünýäniň iň uly maýa goýum gaznasy hasaplanýan Norwegiýanyň döwlet pensiýa gaznasy şu ýylyň birinji ýarymynda 10 göterim girdeji gazanandygyny mälim etdi. 1,4 trillion möçberinde maýasy bolan gazna alty aýyň dowamynda 143 milliard dollar peýda gazanypdyr. Gaznanyň ýaýradan maglumatyna görä, degişli döwürde paýnamalardan 14 göterime golaý, yzygiderli girdeji getirýän maýa goýumlardan 2,3 göterim peýda görlüpdir.

Bu gaznada ýurduň nebit-gaz pudagyndan alýan girdejileri maýa goýum maksady bilen ulanylýar. Gazna iň köp Apple, Microsoft we Alphabet kompaniýalarynyň paýnamalaryny, şeýle hem ABŞ, Ýaponiýa we Germaniýa döwletleriniň gymmatly kagyzlaryny ygtyýarynda saklaýar.

Şeýle hem şu ýylyň iýun aýyna çenli ýurduň häkimiýetleri gazna 389 milliard kron maýa goýum gönükdiripdir.

Doly ady Norges Bank Investment Management (NBIM) bolan gazna 1990-njy ýyllarda ýurduň nebit-gaz pudagyndan alýan girdejilerini daşary ýurtlarda maýa goýmak arkaly girdeji çeşmesine öwürmek maksady bilen esaslandyrylýar. Häzirki wagtda gazna dünýäniň iň uly paýnama eýe bolan edarasy hasaplanýar.

Gazna Norwegiýanyň parlamenti tarapyndan taýýarlanan indekse görä hereket edýär. Gaznanyň gymmatynyň 71,3 göterimini paýnamalar, 26,4 göterimini yzygiderli girdejiler we 2,3 göterimini gozgalmaýan emläkler emele getirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaşyl energiýa maýa goýýar
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Täze sepgide ýetdi
Girdejileri köpeldi
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy