Uly final 26-njy maýda

“Real Madridden” ozal Çempionlar ligasynda “Milan” (19939495) we “Ýuwentus” (19969798) toparlary 3 gezek yzly-yzyna finalda oýnapdy.Yzly-yzyna finala çykmakda rekord “Real Madride” degişli bolup, madridliler bäsleşigiň ilkinji 5 ýylynda (19561960) bassyr 5 sapar finala çykypdy. Şeýle-de “Benfika” (19616263), “Aýaks” (19717273) we “Bawariýa” (19747576) toparlary-da irki ýyllarda 3 gezek yzly-yzyna finalda oýnapdylar.UEFA Çempionlar ligasynda şu möwsümde oýnalan 124 duşuşykda 397 gol geçirilip, bu rekorda deňdir.

Her oýna 3,2 goldan düşüp, 28 minutda bir gol derwezä girizildi. 397 goluň 71-si 6175-nji minutlar aralygynda tora salyndy.Mundan öňki rekord 2016/17 möwsümine degişli bolup, 381 pökgi hasaba alnypdy (ortaça 3,04).Bu gezekki ýarym finallarda tapawutlanyp bilmedik, ýöne mundan öňki ýarym finallarda 13 gol geçirip, bu ugurda öňde barýan Kristiano Ronaldo Çempionlar ligasyndaky 152-nji duşuşygyny geçirdi.

Ol bu ugurda Hawiden öňe saýlandy. Çempionlar ligasynda 167 gezek çykyş eden Iker Kasilýasa 1-nji ýerde barýar.Zinedin Zidan italiýaly Marçelo Lippiden soň, 3 gezek yzly-yzyna finala çykan ilkinji tälimçi boldy. Şeýle-de Zidan toparyň tälimçiligine belleneninden bäri (2016-njy ýylyň ýanwary) “Real Madrid” bilen 11 pleý-off tapgyryny oýnady we ählisinde-de garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy.“Liwerpul”“Roma” duşuşyklarynda jemi 13 gol geçirilip, 2008/09 möwsüminiň 2-nji tapgyryndaky “Bawariýa”“Benfika” duşuşyklarynyň netijesi gaýtalandy. 1959/60 möwsüminiň ýarym finalynda “Aýntraht” bilen “Reýnjersiň” arasyndaky oýunlarda jemi 16 gol hasaba alnypdy. “Aýntraht” 61 we 63 hasaplar bilen finala çykyp, finalda-da “Realdan” 73 ýeňlipdi.Iki topar mundan öň 5 gezek gabatlaşdy. Şolaryň biri final bolup, “Liwerpul” 3, “Real” 2 gezek ýeňiş gazandy.

Gol gatnaşygynda-da 64 iňlisler öňde.“Real Madrid” mundan ozal 15 gezek finala çykyp, diňe 3-sinde utuldy.Madridlileri finalda iň soňky sapar ýeňen klubam bu ýylky garşydaşy “Liwerpuldyr”. 1980/81 möwsüminiň finalynda Parižde “Liwerpul” “Real Madridi” 10 ýeňipdi. “Real Madrid” ondan ozalam 1961/62 möwsüminde “Benfikadan”, 1963/64 möwsüminde-de “Interden” asgyn gelipdi.“Liwerpul” topary mundan öňki 7 finalyň diňe 2-sinde utuldy.

Iňlis futbolynyň Ýewropadaky iň başarnykly toparyny italýan toparlary ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Ýagny, 1984/85 möwsüminde Brýusseldäki pajygaly wakalara baý bolan finalda “Ýuwentusdan”, 2007-nji ýylda-da Afinyda “Milandan” ýeňlipdi.“Real Madrid” UEFA-nyň ýaryşlarynda 20-nji gezek finalda çykyş eder.

Madridliler Çempionlar ligasynda 15, UEFA Kubogynda hem-de 19601999-njy ýyllar aralygynda geçirilen Kubokçylaryň Kubogy bäsleşiginde-de 2 sapar finalda oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

Zidan iýun aýynda PSŽ-niň tälimçiligine bellenip biler
Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord goýdy
Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy
Zidan ata boldy
Messi XXI asyryň iň gowy oýunçylarynyň top-100-inde birinji orny eýeledi
"Real" soňky üç ýylda transferler üçin, takmynan, 400 million ýewro ýitirdi
Çempionatyň iň ökde oýunçysy Donnarumma