Uly Berdimuhamedowyň Mara sapary: Ýollar ýapyldy, ýetişen pagta hasyly zaýa edildi

Uly Berdimuhamedowyň Mara sapary: Ýollar ýapyldy, ýetişen pagta hasyly zaýa edildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda Mary welaýatyna bardy. Bu saparyň ýaşaýjylara we pagtaçy kärendeçilere ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.

Berdimuhamedowyň sebite gelmegi bilen, diňe Mary şäherinde we Şatlyk şäherçesinde däl, eýse Baýramaly we Ýolöten etraplarynda hem gözegçilik güýçlendirildi.

“Reňki ak bolmadyk we ýyly 2010-dan pes bolan awtoulaglary uly ýollara we merkezi köçelere goýberilmedi.Ençeme köçe, ýol ýapyldy. Ýollaryň ýapyklygy we köne ulaglaryň köçelere goýberilmeýändigi sebäpli, köp adam, hususan-da, gurluşyklarda gündelikçi bolup zähmet çekýän adamlar işine baryp bilmedi. Şol sebäpli köp adam bir günlük eklenjinden mahrum boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, G.Berdimuhamedow Mary-Aşgabat ýolunyň ugrundaky täze awtomenziliň arka tarapynda gurulýan ipoteka jaýlaryň we Şatlyk şäherçesinde gurulýan metjidiň gurluşygyny dik uçardan synlady.

Bu sapar ýeri kärendesine alyp, gowaça ýetişdirýän telekeçilere hem ýaramaz täsir ýetirdi. Olardan gowaça meýdanlaryndaky ýetişen, ýöne ýygylman galan pagtany soguryp aýyrmak we ýeri arassalamak talap edildi.

“Gowaça meýdanlarynyň köpüsinde pagtanyň bir ýüzüniň hem pagtasy ýygylman, otag edilmän duran potrat ýerleri bardy.Häkimligiň we prokuraturanyň wekilleri bu kärendeçileri çagyryp, olardan gowaça meýdanlaryndaky pagtanyň näme üçin doly ýygylyp alynmandygyny, köp ýeriň asla ellenmändigini soradylar.

Olar öňki ýygymçylaryň köpüsiniň daşary ýurtlara işlemäge gidendigi sebäpli ýygymçy tapmandygy, döwlet tarapyndan kombaýn berilmändigi bilen düşündirdiler” diýip, ýeri kärendesine alan telekeçi anonim şertde aýtdy.

Şondan soň, häkimligiň we prokuraturanyň wekilleri bu kärendeçilerden G. Berdimuhamedow sebite gelmänkä, bu pagta hasylyny gowaçasy bilen düýbünden soguryp almagy we göze ilmejek ýerlere äkidip, gizläp goýmagy talap etdiler.

“Telekeçiler pagtany gowaça çöpi we çigidi bilen üwedip, bir tirkegini 1200 manatdan mal bakýanlara satyp başladylar. Adamlar bu bolup duran zatlary, ýagny ýetişen pagta hasylynyň zaýa edilşini görüp, döwletiň garyp daýhanlaryň kärende ýerlerini ellerinden alyp, telekeçilere berip gaty ýalňyşandygyny aýdýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebit häkimiýetlerinden kommentariý alyp bilmedi. Şeýle-de, anyk näçe möçberdäki pagta hasylynyň mala iým edilendigini hem anyklap bolmady.

Ýöne sebitde ýetişen pagta hasylyny ýygyp almagyň deregine, onuň çöp-çalam bilen bilelikde üwelip, mala iým edilmegi G.Berdimuhamedowyň pagtadan alynýan hasylyň ýokarlandyrylmagyny nobatdaky gezek nygtan mahalyna gabat geldi.

Ol bu barada welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda 11-nji ýanwarda Maryda geçiren iş maslahatynda belledi.

Resmi mediada Berdimuhamedowyň Mara iş saparynyň dowam edýändigi bellenilse-de, adatça bolşy ýaly, saparyň ilata we telekeçilere ýetiren täsirleri, şeýle-de kärendeçileriň pagta hasylynyň mala iým edilmegi barada hiç zat aýdylmaýar.

Azatlygyň sebitdäki habarçylary G.Berdimuhamedowyň Mara etjek sapary we oňa görülýän taýýarlyklar barada 11-nji ýanwarda hem maglumat berdiler. Şonda olar onuň Şatlykda gurulýan täze metjidi açmagyna garaşylýandygyny hem aýdypdylar.

“Metjit heniz açylmady. Ýöne G.Berdimuhamedowyň heniz-de Marydadygy aýdylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda arassaçylyk işleriniň depgini has-da güýçlendirildi
Täze ýyly bellemegi çäklendirýän häkimiýetler baýramçylyk üçin býujetçilerden we telekeçilerden pul ýygnaýar
Ýurduň energiýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň eksport mümkinçiligniň artdyrylmagyna gönükdirilendir
Prezidentiň ogly hususy telekeçiligiň iki senagat desgasyny açdy
Türkmenistanyň şäherara ýollarynda işleýän hususy taksiçileri tutmaga başladylar
Maryda, Daşoguzda we Lebapda benzin ýetmezçiligi dowam edýär