Uly Balkanyň özboluşly ösümlikler dünýäsi

Uly Balkan uç-gyraksyz Garagumda ýerleşýän daglyk ýerdir.Onuň tebigatynyň gözelligi ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.Dag ýodalary aýlawly ýollar bilen depesi gerşli belentlige çykarýar.Balkan dagynyň iň beýik nokady Arlan deňiz derejesinden 1880 metr belentlikde ýerleşýär.

Düzlüklerden heleňläp görünýän dag gerişleri diňe bir landşafty we özüne mahsus howasy bilen däl, eýsem bioköpdürlüligi bilenem tapawulanýar.Bu ýeriniň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsiniň her bir görnüşi özboluşlydyr.

Beýleki dag ulgamlaryndan aýry duran bu ýerlere görnüşleri kemala getiriş merkezleriniň birnäçesiniň täsiri ýetipdir.Balkan daglarynyň (Uly we Kiçi Balkanyň) özboluşly gurak howaly ösümlik dünýäsinde damarlak ösümlikleriň dört ýüzden gowragynyň ösýändigi anyklanykdy.

Häzirki wagtda onuň haýwanat dünýäsinde jandarlaryň 200-den gowrag görnüşi gabat gelýär, dogrusu olar entek doly öwrenilenok, aýratynam barmasy kyn, az suwly we alysdaky ýerleri doly öwrenilmedi.Balkan gaýalarynda bürgüt, sakally garaguş, gajar, laçyn, bedeneçi garaguş, turlutaý ýaly guşlar höwürtge tutunýar.

Akganat we tokaý torgaýynyň, garadamak owazçysynyň, çürlentginiň, gyzylbaş çirrigiň, arça paltatumşugynyň kiçiräk sürüsi gabat gelýär.Umgalaryň we aýraklaryň sanynyň azalmagy alajagaplaňyň we maslykçy guşlaryň köpelmegine täsirini ýetirýär.Oňa derek ot-iýmiň ýetikligi, gaçybatalgalaryň bolmagy we alajagaplaňyň täsiriniň azalmagy bilen möjekleridir tilkileriň sany artdy.

Bu ýerde tilkii, garsak bar, käte torsuk, dag samyry we kürümowradan hem duş gelýär.

Gum syçany, polýeowkalar we çalymtyl körsyçan, owgan we köpetdag homýagy, çal homýak ýaly gemrijileriň dürli görnüşleri kändir.Bu ýerde hindi oklukirpisi we awysiýdik ýaly baglara dyrmaşmagy halaýan köpetdag sonýasy köp gabat gelýär.

Alajagözen, ala syrtlan depeli-gerişli dag eteklerine gelýar, ýekegapan seýrek duşýar.Az özleşdirilen ýerlerdäki gaýalaryň arasynda garagulak we boýy öý pişiginiňki ýaly çal köwenek mekan tutunypdyr.Soňky gezek 1936-njy ýylda bu ýerde gaplaň görüpdirler.

Geçen asyryň başynda bu ýerden geçigaplaň, ondan has irräk gulan ýitirim bolupdyr.Gyş aňzak gelende Uly Balkanyň demirgazygyna Gazagystandan saýgaklar gelýär.

Ösümlikler dünýäsiniň aglaba bölegi Eýranda we Kawkaz daglarynda ösýän ösümlikler ýalydyr, şonuň üçinem bu ýeriň ekstremal şertlerinde belli bir ýerlerde az ýaýran reliktleriň köp görnüşi saklanyp galypdyr.Mysal üçin, çeşmeleriň golaýynda, gaýalaryň çatlarynda has gadymy eýýamlardan galan her dürli paporotnikleriň alty görnüşi, şeýle hem seýrek duşýan pessejik gaýa geçemjegi, ak miweli onosma gabat gelýär.

Arça jeňňeliklerinde miweleri narynç-gyzyl reňkli ýaýbaň relikt gyrymsy agaç bolan çägemik gögerýär, oňa köplenç “aziýa klýukwasy-da” diýilýär.Diňe şu ýerde bitýän Ýewgeniý sogany, balkan gamagy, balkan we Korowiniň kepbegöweni, balkan towşandodagy, Galina keýigokarasy, balkan ýowşany, balkan siňreni, balkan hedizerumy ýaly ösümlikler duş gelýär. Şonuň üçinem olaryň adynyň gapdalyna “balkan” sözi goşulýar.

Bu ýerde türkmen we syrderýä düýedabany hem ösýär. Çagylly gaýalarda köpetdag şorasy, Kapers göýüli, gyrymsy peçek bar.Pes depelerde ýowşanlaryň arasynda şora we gara sazak gabat gelýär.Sazak has belendiräk ýerlerde - gaýalaryň ürgün toprakly ýerlerinde ösüp otyr.

Daglardan ýokary galyp, ösümliklere siňňin syn etseň, onda gum ösümliklerinden soň ýarym çöl, soňra dag ösümlikleriniň ösüp oturanlygyna göz ýetirýärsiň olar edil botanika bagyndaky ýaly yzygiderlikde ösýärler.Balkan daglarynyň kert gaýalara golaý ýerlerinde diňe eňňit ýerlerde ösýän ösümliklerden gandym, tikenekli düýegyran we Konolliniň çöl akasiýasy, orta dag guşaklygynda agaçlar we tikenekli gyyrmsy agaçlar mekan tutupdyrlar. Ýokarda owadan sary gülli garaganlar we ýarym gyrymsy porsykert gögerýär.

Kert gaýalaryň saýaly jülglerinde ownuk miweli we türkmen wişnýasy, ýylgyn, zirk, üçhat, borjak gabat gelýär.Dag tekizliklerinde injir kän, olar kert gaýalarda ösüp otyr, olaryň käbir agaçlary hatda gaýalaryň çatynda-da gögeripdir.

Ilatly ýerlerden alysda gögerýän seýrek tokaýy kemala getirýän arçalar tutuş ösümlik örtüginiň kemala gelmeginde ähmiýetli agaçdyr, olaryň käbiriniň boýy 16 metre ýetýär.

Dag depesinden aşakda ýaýylyp ýatan gözýetmez çöle syn edeniňde belentli-pesli meýdanlara gösüň düşýär.Kert gaýalara we gerşlere diňe professional alpinist çykyp biljek, ol alym botanikleriň ýa-da zoologlaryň baryp bilmeýän ýerine aňsatlyk bilen çykýar.

Belki bu hem Uly Balkanyň ekoulgamynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky düşünjelrimiziň doly däldiginiň sebäbidir. Ýogsa ol 500 müň gektar meýdany tutýan tebigy muzeý ahyryn.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ýylyň mugallymy atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Antalýa şu ýylyň başyndan bäri 48 kruiz gämisi bilen 59 müň ýolagçy geldi
Nebit daşalyşy artdyrylýar