Ulagyň taryhy

XIX asyryň ahyrynda kwadrisikl atly dört tigirli ilkinji ulag Genri Ford tarapyndan oýlanyp tapylýar.Häzir ýönekeý ýaly bolup görünse-de, öz döwri üçin täzelik bolan bu ulag we onuň oýlap tapyjysy hakynda täsin maglumatlar bar. 1863-nji ýylda ABŞ-da doglan Ford inženerçilik okuwyny tamamlap, 1879-njy ýylda ykbalyny düýpgöter üýtgetjek Detroýt şäherine göçüp gelýär.

Westinghouse kompaniýasynda ýangyç hereketlendirijisi pudagynda işleýär we Klara Braýant bilen durmuş gurýar.Durmuşyndaky iň möhüm ädim Tomas Edison tarapyndan esaslandyrylan Edison kompaniýasynda işe başlamagy bolýar.Bu ýerde ençeme ýyllap işlän Genri Ford beýik oýlap tapyjy Tomas Edison we beýleki zehinli inženerler bilen duşuşýar.

Dört tigirli ulag baradaky pikir işdeşleriniň biriniň kömegi bilen ýüze çykýar.Onuň Edison yşyklandyryş kompaniýasynda bilelikde işleýän inžener dosty Çarlz King American Machinist žurnalynda 1895-nji ýylyň noýabr aýynda neşir edilen bir makalany görýär we bu Forduň hem ünsüni çekýär.

Makalada ýangyç bilen işleýän ýeňil we güýçli awtoulaglar babatda agzalýar.Heniz bu ylymda öwrenilmedik bolsa-da, Ford şeýle tehnologiýa bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Ýaş mehanist uzak wagt bäri hyýalyndaky taslamanyň şu makala bilen tamamlanjakdygyna ynanýar we işine hyjuwly ýapyşýar.

Bu taslamada atsyz we işçi güýji bolmazdan hereket edýän arabanyň, ýagny awtoulagyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.Edison kompaniýasynda işleýän Genri Forduň taslama ünsi jemlemek üçin köp wagty bardy.

Sowady we zehini ýeterlik bolan Genri Ford inženerler Deýwid Bell, Jeýms Bişop, Jorj Kato we Edward Hafdan ybarat ýörite topary düzýär.Toparda häzirki zaman awtoulag tehnologiýalarynyň hiç biri, hatda ýeterlik serişde hem ýokdy.

Asla ruhdan düşmeýän bu dörtlük topar ellerindäki serişdelerden has netijeli peýdalanmak üçin akylyny we inženerçilik ukyplaryny ulanýarlar.Kwadrisikl atly dört tigirli ilkinji ulag ýasalanda polat, agaç, rezin, mata we aýna ulanylýar.

Ulagda ýönekeý iki silindrli hereketlendiriji bardy we umumy agramy 500 kilograma barabardy.Her bir oýlap tapyjynyň üstünlikli tamamlan taslamasyny halka hödürleýän güni bolýar.Genri Ford üçin bu taryhy sene 1896-njy ýylyň 4-nji ýanwary bolup, irden sagat 4:00-da dörtlük topar bolup, öndüren dört tigirli ulagyna münüp, Grand-Derýa bulwaryndan aşaklygyna düşüp, üç esasy köçäni gezýärler.

Kwadrisikl awtoulagynyň bary-ýogy iki welosiped tizligi bardy, hatda tormozlary hem welosiped tormozynyň ulgamy bilen dolandyrylýardy. Şeýlelikde, arzuwy hasyl bolan zehinli Genri Forduň ulagy at ýa-da adam güýji bolmazdan, ýangyç hereketlendirijisi bilen işleýän ilkinji ulag bolýar.

Taryha altyn harplar bilen ýazylan bu ulagyň ilkinjisi 200 dollara satylýar.Ford gazanan puly bilen has ösen ulag ulgamyna maýa goýup, netijede, häzirki wagtda bütin Ýer ýüzünde tanalýan meşhur Ford Motor Company kompaniýasyny esaslandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar düwünçegi
Ilkinji elektroulag zawodyny açdy
Paýhaslar
ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
Fonogrammanyň oýlanyp tapylmagy