Ulaglar multfilminiň hormatyna çykarylan Porsche 911 adatdakysyndan 25 esse gymmat satyldy

Ulaglar multfilminiň hormatyna çykarylan Porsche 911 adatdakysyndan 25 esse gymmat satyldy

Meşhur Ulaglar multfilminiň gahrymany Calli Karreranyň hormatyna ýasalan Porsche 911-iň üýtgeşik wersiýasy auksionda 3,6 million dollara gitdi. Bu adaty wersiýasy bolan Porsche 911 GTS-den takmynan 25 esse gymmatdyr. Alyjy gizlinlikde galmagy makul bilipdir. Porsche bilen Pixar studiýasy ähli gelip gowşan serişdeleriň haýyr-sahawata gowşuryljakdygyny mälim etdiler.

Porsche 911 Sally Special üçin tölenen pul Porsche-niň täze awtoulaglarynyň arasynda bahada rekord goýdy.Kompaniýa bu ýörite çykarylan wersiýany köpeltmekçi däl sportkar unikallygyna galar.Porsche we Pixar kompaniýalary Sally Special-y animasiýa gahrymanynyň üstünde işlenilip başlanmagynyň 20 ýyllyk ýubileýiniň hormatyna çykardylar. “Ulaglaryň” gahrymany 996 kuzowly Porsche 911-den esas alýar, emma “janly” Cally Karrerany modeliň aktual wersiýasynyň esasynda döretdiler. Şonlukda, Sally Special, mysal üçin, häsiýetli başky optikany (emma sportkaryň farlaryny hromladylar) almady, ýöne şol döwrüň Turbo Twist stilindäki teker diskleri bilen welin enjamlaşdyryldy.

Alyja goşmaça trek üçin niýetlenen goşmaça teker toplumy hem sowgat edilýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
Täze Porsche Cayenne Coupe krossoweri Nýurburgringiň rekordyny täzeledi
Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy