Ulag we aragatnaşyk toplumy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Ulag we aragatnaşyk toplumy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary ýurdumyzda yzygiderli dabaralanýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumy özüne Türkmendemirýollary, Türkmenawtoulaglary, Türkmenhowaýollary, Türkmendeňizderýaýollary, Türkmenaragatnaşyk agentliklerini birleşdirýär.Toplumda onuň düzümleriniň her biriniň ähmiýetli orny bar.Hut şonuň üçin milli Liderimiz olaryň her biriniň işine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar hem-de olaryň sazlaşykly ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, işleri sazlaşykly guramaga degişli meseleleriň her birine möhüm ähmiýet berýär, iş maslahatlarynda olara yzygiderli garaýar. Şonuň netijesinde ulag we aragatnaşyk toplumynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ilata edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar, şeýle hem bu düzümlere täze tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylýar.

Toplumyň işini kämilleşdirmek hem-de ösdürmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär.

Anyk mysallara salgylanyp beýan etsek, geçen ýyl Türkmenawtoulaglary agentligine degişli Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleriniň birleşigini, Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini we Awtoulag kärhanalar birleşigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýan Awtoulag kärhanalar toplumynyň hem-de Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň ulanylmaga berlendigini bellemek gerek.

Hawa, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugrudyr. Toplumyň düzüminde işleriň kämilleşdirilmegi hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagy milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda uly ähmiýete eýedir.

Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek barada uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şirin GURBANSÄHEDOWA,

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31029

Ýene degişli makalalar

Türkmen we rumyn uniwersitetleri goşa diplom ulgamynyň mümkinçiligine garadylar
Aragatnaşyk ulgamynda ýetilen sepgitler atly okuw maslahaty geçirildi
3D printerleriň önümçiligi 30 esse artar
Fransiýanyň täze Premýer-ministri
Ispaniýada koronawirusa garşy göreşmek üçin akylly äýnek döredildi
Daşary ýurt metbugatyna syn