ULAG ULGAMYNYŇ DÖWREBAPLAŞDYRYLMAGY

ULAG ULGAMYNYŇ DÖWREBAPLAŞDYRYLMAGY

Şu günüň ulag ulgamynyň ösüş ugurlaryny düzýän köp sanly şertleriň basgançaklary yzygiderli goýulýar. Ýakynda halkymyzyň gadam goýan täze Halkyň Arkadagly zamanasy diýlip yglan edilen ýylyň başlangyjynda hem ýurdumyz geçen ýyllardaky maksatlaryň üstüni ýetirýän täze işleri eýýämden ýola goýup ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hakyndaky Kararyň tassyklanmagy bu ugurdaky işleriň depginli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär.Bellenilmegine görä, resminamada ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, Watanymyzyň halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornunyň has-da berkidilmegine gönükdirilen strategik ähmiýetli möhüm çäreler göz öňünde tutulýar.

Maksatnamada birnäçe halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek dogrusynda bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACEKA) halkara ulag geçelgesi Hökümetara komissiýa goşulmak boýunça işleri geçirmek hem-de multimodal gatnawlary — Ählumumy Üstaşyr Resminamany ösdürmekde köpugurly sanly çözgüdi ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek wezipeleri kesgitlenildi.

Sanly ulgam arkaly geçen mejlisiň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak boýunça geçirilýän işler barada durlup geçildi.

Häzirki döwürde Hytaý — Ýewropa ugry boýunça Halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we täze ugurlary açmak, konteýnerli ýük daşamalaryň gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin bäsdeşlige ukyply, amatly nyrh syýasatyny emele getirmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Ýurdumyz Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu guramanyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna Türkmendemirýollary agentliginiň goşulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy öwrenildi.

Munuň özi Hytaý we Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr gatnawlar babatda bitewi nyrhlary ylalaşmak üçin amatly esasy işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Aktau we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ýük daşamak soňky üç ýylda 50% ýokarlandy
Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing
Rus Nebiti Şu Gün Ukrainadan Üstaşyr Ýewropa Eksport Edilmäge Başlanar
Rus Nebitiniň Ukrainanyň Üsaşyr Akdyrylmagy Bes Edildi
Üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara maslahat 
Türkmenistan Lotfabad serhet geçelgesinden ýükleriň üstaşyr geçirilmegine rugsat berdi