ULAG ULGAMYNDA IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi.Resminama 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde gol çekildi.

Onuň kabul edilmegi sebitiň ykdysady birleşmesini ösdürmek, söwdanyň möçberini artdyrmak maksadynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde Aşgabat forumynyň anyk goşandyna öwrüldi.Bäştaraplaýyn ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän maslahat “Lazurit” halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge tarap ýolda nobatdaky ädime öwrüldi.

Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelen wekilçilikli maslahata gatnaşyjylar yklymyň esasy ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklarynyň ýurdumyza ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerini amatly amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.“Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýyl hem ulag ulgamynda iri möçberli taslamalara beslendi.

Fewral aýynda “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesiniň düzümine girýän Serhetabat Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.Foruma gatnaşyjylar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde guralan serginiň üsti bilen “Lazurit” geçelgesini döretmegiň esasy tapgyrlary hem-de oňa gatnaşýan ýurtlaryň ulag ýollary bilen tanyşdylar.

Forumda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagup Eýýubow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatow, Türkiýe Respublikasynyň ulag we infrastruktura ministri Mehmet Jahit Turhan, Owganystan Yslam Respublikasynyň ulag ministri Mohammad Hamid Tahmasi we Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Akaki Sagiraşwili dagy çykyş edip, “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň şu taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegi üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.Maslahatyň mejlisleriniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda howa gatnawynyň, deňiz gämiçiliginiň, demir ýol pudagynyň hem-de awtoulag ulgamynyň dürli halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, ilkinji nobatda bolsa, “Lapis Lazuli “ multimodal ulag geçelgesiniň amala aşyrylmagyna goşýan goşandy babatda bu ulgamlaryň ösdürilişine aýratyn üns berdiler.Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, halkara ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetini globallaşdyrmagyň esasy guralyna öwrülendigini bellediler.

Bu işleriň başyny başlaýan Türkmenistan durnukly ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we dünýä bazarlarynda hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna daýanmak bilen öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleriniň birini döredýär, bu bolsa dünýäniň ozalky senagat düzüminde mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik berýär.Forumyň ahyrynda çäginden “Lazurit” ýoly geçýän döwletleriň ulag hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny beýan eden jemleýji resminama gol çekildi.Soňra maslahata gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty boýunça gezelenç guraldy, şonuň çäklerinde myhmanlar halkara ölçegleriniň hemme talaplaryna kybap gelýän döwrebap desganyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyna göz ýetirdiler.

Türkmenistany geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýan iri logistika kompaniýalarynyň wekilleri deňiz portunyň desgalaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler.* * *2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.Brifingde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto De Pretto, BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý, ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň başlygy N.Drozd çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek boýunça hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.* * *Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanyp, geçirilen halkara ministrler maslahaty daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.

Iri halkara we milli neşirleriň, “News Central Asia” “ (nCa)”, “Trend”, “Eurasia Net”, “News Day”, “Azertage”, “Hurriyet Daily News”, “SNG.today”, “ABC”, “Tnews”, “Uzbekistan 24”, “Infopole”, “Avesta.TJ”, “ArmInfo” hem-de beýleki neşirleriň maglumat we seljeriş makalalarynda sebitimizde ulag-aragatnaşyk pudagynyň ýagdaýyna syn berildi.

Bu neşirler tutuş Ýewraziýa yklymynyň ykdysady taýdan durnukly ösüşine “Lapis Lazuli” geçelgesiniň oňyn täsiri barada gyzykly maglumatlar berdiler.

Ýene degişli makalalar

28.11.2018 | Türkmenistan — halkara ulag-Üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy
28.11.2018 | Awazada ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady
Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi
29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi