Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk we logistika

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk we logistika

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi II jiltlik kitabynda: Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr diýip nygtamak bilen, Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn belleýär.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi kitabynyň mazmunynda taryhy döwürlerde we häzirki wagtda ulag pudagynyň tutýan ornunyň ýokarydygy, onuň medeniýet, syýahatçylyk, söwda gatnaşyklaryna uly itergi berýändigi baradaky giňişleýin maglumatlar islendik okyjyny özüne maýyl edýär.

Türkmenistan halkara ýollaryň çatrygynda ýerleşip, geografik taýdan örän amatly ýagdaýa eýedir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýollar, köprüler, halkara howa menzilleri, demir ýol menzilleri, deňiz portlary gurulýar.

Bularyň ählisi häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikelmegine ýol açýar, syýahatçylygyň, medeni hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň rowaçlanmagyna şert döredýär.Logistika adalgasy häzirki döwürde ulaglar ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek jähetinden örän ýörgünlidir.

Halkara hyzmatdaşlygynda logistika adalgasyna önümiň, harydyň ýa-da hyzmatyň dolandyryş ulgamyny ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Şeýlelikde, logistikanyň maksady önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.

Ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär.Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem girewidir.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumy kesgitlenen.

Olaryň hatarynda: ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, esasan, ýurduň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda, ilki bilen, çykyş etmek hem-de olary durmuşa geçirmek bolup durýar.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, ulag babatda birnäçe halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşyp, möhüm resminamalaryň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.

Ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak ugrunda çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde, 2018-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanylmagy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýandygyny şöhlelendirýär.

Türkmenistan BMG-niň çäklerinde halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýelemek bilen, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag geçelgelerini döretmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we halkara derejesinde abraýynyň has-da pugtalanmagynyň aýdyň mysallary hökmünde 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda”, şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Bu halkara resminamalaryň kabul edilmegi bu ugurda öňe sürülýän oňyn teklipleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini we olaryň durmuşa ornaşdyrylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Şeýle-de ýurdumyzda ulag ulgamy bilen baglanyşykly halkara maslahatlar geçirilýär. Muňa mysal edip, 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylyň maýynda Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny köpugurlaýyn ösdürmek meselesine bagyşlanan Ulag we logistika boýunça halkara maslahatyny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda demir ýollarynyň ösdürilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Türkmenistanyň halkara giňişliginde barha ösýän täsiri we ähmiýeti nukdaýnazaryndan, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag ulgamyndaky ösüşler we özgertmeler halkara hyzmatdaşlygynyň köpugurly hem-de netijeli bolmagynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň dünýä giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin, ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berlen Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň açylmagy, “Demirgazyk — Günorta” yklymara ulag geçelgesiniň halkasyndaGazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan çäreler, 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda gurlup ulanylmaga berlen Serhetabat — Turgundy demir ýoly yzygiderli ösüşiň mysallarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň esasy şertleriniň birine öwrülýär. Bu babatda ýol gurmagy gadym döwürlerden bäri asylly iş hasaplap gelýän türkmen halky bu däbini mynasyp dowam edip, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy, hereketlendiriji güýji bolmak bilen, halkara ulag-logistika ulgamynyň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Ulag-logistika pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi durmuş-ykdysady ösüşler bilen özara sazlaşygy emele getirip, halkara hyzmatdaşlygyň, dünýä ýurtlary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine oňaýly täsir edýär.

Ýolagçylara medeniýetli hyzmat

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň her bir güni şanly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ilata edilýän hyzmatlaryň hil derejesi barha ýokarlanýar. Biz muny Türkmendemirýollary agentliginde watandaşlarymyza hödürlenýän hyzmatlaryň hil derejesiniň kämilleşmeginde hem aýdyň görýäris.

Soňky ýyllarda eziz Diýarymyzyň ulaglar ulgamynyň ähli görnüşinde ilata edilýän hyzmat barha kämilleşýär. Awtomobil, howa, demir ýol ulaglarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan ýolagçylara ähli amatlyklar we ýeňillikler döredilýär.

Soňky gysga wagtyň içinde ulaglar we aragatnaşyk pudagynda häzirki zaman hyzmatlarynyň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi we halkymyzyň arasynda gyzgyn goldawa eýe boldy.Olaryň sanawynda Türkmenawtoulaglary agentliginiň Aşgabatdaky Taksomotor awto-ulag kärhanasynda hereket edýän “Taksi” ulaglarynda döwrebap hyzmat, ýagny Taksi hyzmaty ýola goýuldy.

Bu hyzmatda Altyn Asyr ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenawtoulaglary agentliginiň bilelikdäki şertnamasy esasynda, täze taksi ulaglarynda planşetler ýerleşdirildi.Haçan-da müşderi taksi hyzmatyndan peýdalanmak üçin ýörite buýurma iberse, şol müşderä haýsy taksi ulagy golaý bolsa, gysga wagtyň içinde onuň çagyran salgysyna barýar.

Mundan başga-da taksi ulaglarynda nagt we nagt däl görnüşde ýolagçylar bilen hasaplaşmak üçin “Senagat” banky tarapyndan ýörite enjamyň ornaşdyrylmagy hem ýurdumyzda halk hojalyk pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Mundan başga-da ýolagçy awtobuslarynda tölegleriň ýörite elektron kartlary arkaly amala aşyrylmagy ýurdumyzda alnyp barylýan sanly ykdysadyýet syýasatynyň datly miweleriniň biridir.

Türkmendemirýollary agentligi bilen Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kärhanasynyň paýtagtymyzyň poçta aragatnaşyk bölümlerinde demir ýol petekleriniň satuwyny amala aşyrmak üçin şahamçalaryň işläp başlamagy, Türkmenhowaýollary agentliginiň ýerli we halkara ugurlary boýunça ýolagçy biletleriniň internet (www.turkmenistanairlines.tm) arkaly “online” satuwynyň ýola goýulmagy, Türkmenabat halkara howa menziliniň resmi saýtynyň (www.tia.gov.tm), Türkmenaragatnaşyk agentliginiň “Türkmentelekom”, “Altyn Asyr”, “AŞTU” aragatnaşyk kärhanalarynda internet, IPTV, kabel telewideniýesi, öýjükli we simli telefon hyzmatlary üçin “online” töleg hyzmatlarynyň we ýeňillikli nyrhnamalarynyň döredilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Sözümizi delillendirmek üçin demir ýol ulaglarynda innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen “Android” we “iOS” işlediji ulgamlaryna niýetlenen “Demirýol” programmasynyň döredilip, halka elýeterli edilendigi barada aýtmak ýerlikli bolar. Bu programma arkaly her bir raýat ýurduň içerki ýolagçy otly gatnawlarynyň haýsy ugra, haýsy şähere we stansiýa barjakdygyny, otlynyň ugrajak wagtyny kesgitläp bilýär.

Bu innowasion hyzmatlaryň durmuşa girizilmegi halk hojalyk pudaklaryny sanly görnüşe geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň başyny başlan asylly işleriniň möhüm ädimleri bolup durýar. Halkara ülňülerine kybap gelýän hyzmatlaryň ýurdumyzda yzygider ornaşdyrylmagy milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda dabaralanýandygyny subut edýär.

Täze hyzmatlar barada aýtsak, ýakynda demir ýol otlularynda ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmek, olary dünýä ülňülerine laýyk guramak maksady bilen ýurdumyzyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmendemirýollary agentliginiň Türkmendemirýollary döwlet kärhanasynyň telekeçi Didar Hallyýew bilen bilelikde iş alyp barmak barada şertnama baglaşdy. Onuň esasynda demir ýol otlularynda täze naharhana (restoran) hyzmaty ýola goýuldy.

Demir ýol otlularynda ýola goýlan naharhana barada aýdanymyzda, ol häzirki wagtda Aşgabat — Amyderýa ugry boýunça gatnawy amala aşyrýan otlulara ornaşdyryldy. Onda ýolagçynyň islegine görä dürli tagamlary taýýarlamak mümkinçiligi bar. Häzirki wagtda telekeçi Didar Hallyýewiň dolandyrýan restoranynda türkmen milli tagamlaryna uly orun berilýändigini nygtamak gerek. Dürli görnüşdäki türkmen telekeçileriniň öndürýän agyz suwlary bilen bezelen tekjeler hem müşderileriň ünsüni özüne çekýär.

Türkmendemirýollary agentliginiň Türkmendemirýollary döwlet kärhanasynyň hünärmenleri ýakynda demir ýol otlularyndaky naharhana hyzmatyny beýleki ugurlar boýunça hem ýola goýmagy meýilleşdirýändiklerini bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň telekeçilerine döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanan hususyýetçiler häzirki wagtda halkymyza edilýän hyzmatyň hil derejesini ýokarlandyrmak ugrunda birnäçe işleri alyp barýarlar.Türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri bu günki gün özüniň mynasyp miwesini berýär.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň aladasy bilen ýurdumyzyň altyn gaznasy bolan telekeçilerimize bildirilýän ynamyň netijesinde importuň ornuny tutýan önümler ýurdumyzda öndürilýär.Bu bolsa telekeçilerimiziň ýokary hilli önüm öndürmäge tejribesiniň bardygyny görkezýär.

Türkmenistan dünýäniň logistika ulgamyna sazlaşykly goşulýar

Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin bu babatda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça milli düzümi has-da giňeltmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.

Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlaryna öwrüldi.Türkmenistan bu ösüşlerden çetde galman, öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezlerini döredýär.Ol ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga daýanýar, bu bolsa oňa dünýäniň senagat düzüminde mynasyp orny eýelemegine uly mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary biziň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin mümkinçilik berýär.Hormatly Prezidentimiz bu konsepsiýany öňe ilerletmek bilen, häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar.

Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň artýan möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar. Şol geosyýasy maksat öz öňünde häzirki zaman depginli ösýän dünýäde ykdysady ýörelgeleriň berkemeginiň takyk strategik wezipelerini goýar.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol başlangyçlar ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.

Türkmenistan bu meselelere öz çemeleşmelerini kesgitläp, ilkinji nobatda, özüniň tiz ösýän üstaşyr-ulag geçelge artykmaçlyklaryny, şol sanda deňiz-derýa ulaglarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem, has giň yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmegiň mümkinçiliginden ugur alýar.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bagyşlanan Ulag we logistika — durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk atly halkara maslahatyň, Hazarýaka döwletleriň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisleriniň we bulardan başga-da logistiki düzümi has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesindäki maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi halkara deňiz ýük gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, port düzümlerini ösdürmekde we logistik maglumatlary alyşmakda ähmiýeti uludyr.

Bu maslahatlaryň çäginde Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meselelere seredilip, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýandygy baradaky wajyp işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki häzirki zamanyň ösen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamy köpsanly we howpsuz halkara ulag-logistika düzüminiň bolmagyny talap edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň Hazaryň kenarynda bina edilmegi hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmäge gönükdirilendir.Geljekde bu portuň ulanylmagynyň netijesinde Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykjakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliliginiň ýokarlanjakdygy şübhesizdir.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender Abbas, Enzeli, Mirabad portlaryna, Russiýanyň we Gazagystanyň portlaryna ýa-da Azerbaýjanyň Baku portuna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti portuna ugratmaga mümkinçilik peýda bolar.

Munuň özi dünýä ummanyna, ýagny dünýäniň islendik ýurduna çykalgany açar.Iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlary üçin Ýakyn we Orta Gündogar hem-de Hindi ummanynyň sebitindäki ýurtlaryň haryt we çig mal bazarlaryna çykmaga hem aňrybaş amatly şertleri üpjün eder. Şunlukda, ol giň möçberli ýük gatnawlarynyň ýoluna harçlanýan wagty has gysgaltmaga şert döreder.

Munuň özi bolsa logistikanyň esasy şertleridir.Mundan başga-da, täze deňiz menzili Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine oňyn şertleri üpjün eder we iri maýa goýumlarynyň çekilmegini şertlendirer.

Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň diňe bir deňiz-derýa ulaglary ulgamynda däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň awtomobil ulaglary ulgamynyň üsti bilen hem dürli görnüşli ýükleri daşamakda uly işleri amala aşyrýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Aşgabat — Türkmenbaşy şäherinde ýokary tizlikli, döwrebap awtoban gurulýar.Bu ýoluň ulanylmaga berilmegi netijesinde Merkezi Aziýadan gelýän ýükler Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça täze deňiz menziline äkidilip, Hazar deňziniň üsti bilen Kawkaza, şol ýerden bolsa Türkiýä hem-de Ýewropa ýaly ýurtlara halkara ýük gatnawlary amala aşyrylar.

Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar.

Biziň döwletimiziň üstaşyr gatnawlar logistikasynda mümkinçilikleriniň gerimi işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) halkara demir ýol ulag geçelgelerini, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar.

Türkmenistan ýurdumyz öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilikler berýär.

Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we aragatnaşyk düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Ösüşlere beslenýän ulgam

Türkmenistanyň yklymara ulag ýollarynyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşmegi Ýewraziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, şunlukda, ýurdumyzyň milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny örän netijeli hem-de amatly peýdalanmaga giň mümkinçilikleri berýär. Şu nukdaýnazardan ösen milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny emele getirmek arkaly ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi hem-de ählumumy abadançylygyň bähbitleri üçin giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiziň Ykdysady we durnukly bolmagy ulag ulgamynyň ygtybarly işlemegine ýokary derejede baglydyr diýip nygtamagy hem bu ugurdaky tagallalaryň üns merkezinde durýandygynyň aýdyň mysalydyr.

2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny atly Kararnama kabul edildi.Bu möhüm resminamanyň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen hem-de ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmäni kemala getirmegi göz öňünde tutýan Aşgabat Jarnamasynyň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi döwletimizde ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň mynasyp dowamyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) içerki ulag boýunça komitetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany 2019 — 2020-nji ýyllar üçin bu komitetiň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüdi biragyzdan kabul edildi.

Diýarymyzyň bu komitetiň düzüminiň agzalygyna saýlanmagy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ulag diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň başlangyçlaryna halkara bileleşiginiň belent ynamynyň subutnamasydyr. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Rezolýusiýasynyň ilkinji ýylynda Türkmenistanyň bu komitetiň agzalygyna girizilmegi hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda döwrebap, amatly täze halkara logistika ulgamyny döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ählumumy başlangyçlary dünýä ýurtlary tarapyndan biragyzdan makullanýar. Ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygy, hususan-da ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berýär.

Garaşsyz Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde sebit hem-de sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Ýewraziýanyň halkara ýük akymlarynyň köp bölegini özünde jemleýär.Häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän, köp şahaly, utgaşykly we howpsuz halkara ulag logistika düzümini döretmek obýektiw zerurlyklaryň biri bolup durýar.

Paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzili hem ulag ulgamynda nusgalyk toplum bolup durýar.Ol ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberleriniň artmagyny üpjün edýär. Şeýle hem Diýarymyzyň çägi boýunça üstaşyr geçýän howa gatnawlaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Raýat awiasiýasy multimodal ulgamyň möhüm bölegi bolup durýar.Onuň ösüş derejesi ýurdumyzyň milli ulag-logistika ulgamlarynyň halkara düzümine goşulyşmagynyň depginini kesgitleýär.

Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwrebap howa menzilini gurmak baradaky Karara gol çekdi.

Bu toplum günorta-gündogar sebitinde ýaşaýan watandaşlarymyza hyzmat etmäge gönükdirilen ulag gatnawlarynyň ähmiýetli çatryklarynyň birine öwrüler.Täze menziliň gurulmagy bilen Aşgabatdan Kerkä bir sagat çemesi wagtda ýetip bolar. Ýurdumyzyň bu künjeginiň dag-magdan baýlyklaryny özleşdirmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň milli raýat awiasiýasynyň halkara hem-de ýerli howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli goşulyşmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberini artdyryp, hilini ýokarlandyrmaga şert döreder.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary boýunça guruljak bu döwrebap, häzirki zaman enjamlary bilen doly üpjün ediljek howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenýär.Täze guruljak howa menziliniň desgalary 200 gektar meýdany tutar.

Giň ýolagçy terminalynda garaşmak, tiz bellige almak we ýolagçylary ugratmak üçin has oňaýly şertler dörediler. Şeýle hem uçuşa garaşylýan 120 orunly eýwanly meýdany 1730 inedördül metre barabar bolan ýolagçy terminaly hem ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar.

Döwletimizde raýat awiasiýa pudagyny ösdürmek baradaky işler durmuşa geçirilende 2012 — 2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan ugur alynýar.Maksatnamada täze howa menzilleriniň gurluşygyny hem-de ozal hereket edýänleriniň, beýleki degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, häzirki zaman uçarlarynyň we beýleki zerur tehnikalaryň satyn alynmagy, täze halkara ugurlarynyň açylmagy, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ýaly wezipeler kesgitlenýär.

Mundan başga-da ýurdumyz BMG-niň halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjy ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (IKAO) doly hukukly agzasydyr.Bu iri gurama howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli halkara kadalaryny ýola goýýar.

Munuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Howa kodeksi ýuridik we fiziki şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmakda awiasiýanyň işiniň, şeýle hem Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beýleki işiň, goranmagyň we döwletiň bähbitlerini gorap saklamagyň, howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň, awiasiýa hem-de ekologik howpsuzlygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çalt depginler bilen ösýän ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegi, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna itergi berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän işler Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilip, halkara hyzmatdaşlygynyň has hem giň gerime eýe bolmagyna, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Routes Asia 2024 forumyna gatnaşýar
“Sky KG” howaýollary Türkmenistanyň howa menzillerinde howa enjamlarynyň uçuş barlaglaryny geçirdi
Lebap: Dabara bilen açylýan täze desgalar boş durýar
IATA Kerki halkara howa menziline kod berdi
Lebapda medeniýetiň we sungatyň baýramy
Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy