Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing

17-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek atly ugur boýunça geçirilen forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.

15-16-njy awgustda utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata onlarça döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen degişli Kararnamada berkidildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan brifinge Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylaryň köp sanly bolmagy hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan oňa gyzyklanma bildirilmegi geçirilen forumyň örän wajypdygyna we uly isleg bildirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri maslahaty dessine we giňişleýin beýan etdiler hem-de metbugatda neşir etmegi, internet portallarynda ýerleşdirmegi, bu waka bagyşlanan gepleşikleri we habarlary ýaýlymlara bermegi dowam edýärler.

Maslahatyň ähli mejlisleri Birleşen Milletler Guramasynyň web-teleýaýlymynda onuň dört resmi dilinde — iňlis, fransuz, ispan we rus dillerinde göni ýaýlymda görkezildi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylaryň öňünde wideoýüzlenme bilen çykyş edip, beýan eden täze başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şonda Türkmenistanyň ählumumy ulag gatnaşyklaryna gatnaşmagyny güýçlendirmäge we giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şol başlangyçlaryň hatarynda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga degişli teklipler bar.

“Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişlidir” diýip, döwlet Baştutanymyz forumyň açylyşyndaky çykyşynda nygtady.

Şeýle hem forumyň ikinji gününiň maksatnamasynyň ugurdaş çäreleri: Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini (“Aşgabat Ylalaşygy” esasynda) we Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika: ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri atly ministrler derejesindäki duşuşygyny özünde jemländigi bellenildi.

Mundan başga-da, şu gün — 17-nji awgustda Global Üstaşyr Resminamasynyň taslamasyna badalga bermek dabarasy guraldy.Halkara maslahatyň dowamynda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.Forumyň netijeleri Jemleýji Beýannamada berkidildi. Şonda COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly dikeldilişi üçin ulag arabaglanyşygynyň güýçlendirilmeginiň hem-de Wena Hereketleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyny tizleşdirmegiň wajypdygy nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebitleýin bazarlar bilen birleşdirmekde üstaşyr daşamalaryň eýeleýän ähmiýetli orny nygtalýar.

Resminamada bellenilişi ýaly, maslahat halkara bileleşigini deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady taýdan okgunly hem-de durnukly ösüşi üçin zerur şert bolup durýan netijeli ulag düzümini döretmekde ulagy ösdürmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de utgaşdyrmak boýunça işleri goldamaga çagyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, kämil üstaşyr daşamalary we söwdany ýeňilleşdirmek hem-de COVID-19 pandemiýasyndan soň olary durnukly dikeltmek üçin sanly ulgamlary pugtalandyrmak tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýle hem ulag ulgamynda howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak hem-de olara uýgunlaşmak, şeýle hem adatdan daşary howa ýagdaýlary emele gelen halatynda, olara taýýar bolmak babatynda zerur bolan serişdeleriň we hyzmatlaryň jemlenilmegi üçin deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň örän möhümdigi nygtalýar.

Resminamada Birinji ählumumy ulag maslahatynyň netijeleri boýunça esas edilip alnan durnukly ulag boýunça Aşgabat prosesini dowam etmegiň, ýokary derejeli yzygiderli halkara duşuşyklary, köptaraplaýyn maslahatlaşmalary geçirmegiň, ýokarda agzalan işleriň çäklerinde bilim çäreleriniň mümkinçiligini we guralyşyny pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Awazada kabul edilen Jemleýji Beýannamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn, şol sanda Türkmenistanyň Hökümet agzalary bilen daşary döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, şolaryň barşynda täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça geljegi uly taslamalar nazarda tutulyp, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň goldamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine uly goşant boldy.

Ýene degişli makalalar

Aktau we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ýük daşamak soňky üç ýylda 50% ýokarlandy
Rus Nebiti Şu Gün Ukrainadan Üstaşyr Ýewropa Eksport Edilmäge Başlanar
Rus Nebitiniň Ukrainanyň Üsaşyr Akdyrylmagy Bes Edildi
Üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara maslahat 
Türkmenistan Lotfabad serhet geçelgesinden ýükleriň üstaşyr geçirilmegine rugsat berdi
ULAG ULGAMYNYŇ DÖWREBAPLAŞDYRYLMAGY