Ulag ulgamyna bagyşlanan halkara forum

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolýar.Muňa paýtagtymyz Aşgabatda ulag pudagynyň ösüşlerine hem-de halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahatlar hem aýdyň subutnamadyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş 2024 atly III halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Ýurdumyzy esasy üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, täze geçelgeleri, döretmek maksady bilen, iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Milli demir ýol ulgamy goňşy ýurtlaryň demir ýol ulgamlaryna birikdirilip, bu ugurda aragatnaşygyň üznüksiz bolmagy üpjün edilýär. Ýurdumyzda demir ýol üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.Döwletimiz Hazar deňziniň üsti bilen halkara gatnawlara işjeň gatnaşyp, suw ýollary arkaly açyk deňze çykyp bilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Aşgabatda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş atly ilkinji forum geçirildi. Şol ýylda Türkmenistanda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty geçirildi.

Türkmenistan e-CMR Teswirnamasyna goşuldy. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda täze awtoulag terminallary we demir ýol köprüleri işe girizildi.Ulag pudagynyň tehniki parklaryny doldurmak üçin anyk ädimler ädildi, Ýewropa we Aziýa ugurlary boýunça ýük we ýolagçy milli howa gatnawlarynyň gerimi giňeldildi.

Türkmenistanyň ulag boýunça 12 sany halkara konwensiýalara gatnaşýandygyny bellemek gerek.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag boýunça 4 sany kararnama kabul edildi: Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny (2014-nji ýylyň 19-njy dekabry); Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda (2015-nji ýylyň 22-nji dekabry); Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek (2017-nji ýylyň 20-nji dekabry); Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek (2021-nji ýylyň 29-njy iýuly). Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda, ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman ýöriteleşdirilen infrastrukturany döretmek we geljekde strategiki ugurlary, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde ornuny berkitmek göz öňünde tutulýar.

Turan GUWANJOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_67373a0e4e31c_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67373a0e4e31c_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Diňle: Aşgabadyň mekdepleri sabyn we dezinfeksiýa serişdeleri üçin pul ýygnamagyny dowam etdirýär
Hindistanda Koronawirus Sebäpli Maska Geýinmek Düzgüni Girizildi
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Daşary ýurtlarda dynç almak gymmatlady
Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy ugurlary
Lebapda biometriki pasport üçin sentýabra nobat berilýär. Aşgabadyň aeroportunda käbir ýolgaçylar uçara goýberilmeýär