ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmendemirýollary agentliginiň mejlisler zalynda halkara guramalaryň wekilleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ulag ulgamy boýunça ýolbaşçylarynyň, bilermenleriniň we hünärmenleriniň onlaýn arkaly gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti atly ýokary derejede geçen duşuşygyň esasy mowzugy ýurtlaryň arasynda ulag hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we gelejegini maslahatlaşmak boldy.

Wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn duşuşyk 3 bölümde geçirilip, onda Türkmenistanyň ulag pudaklarynyň hünärmenleri, halkara guramalaryň, meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we bilermenleri täsirli çykyş etdiler.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary B.Annaýew, şeýle-de Türkmenawtoulaglary agentliginden, Türkmendeňizderýaýollary agentliginden, Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi AGPJ-den, Türkmenistan awiakompaniýasy AGPJ-den we beýleki pudak edaralaryndan hünärmenler we ýolbaşçylar gatnaşyp, milli ulag ulgamynyň mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýola goýulýan taslamalar we ýakyn geljegiň uly maksatlary hyzmatdaşlaryň dykgatyna ýetirildi.

Öz nobatynda Demir ýol hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň, Aziýa Ösüş bankynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Ýewraziýa ofisiniň, FIATA-nyň, Kyrgyz temir žolu milli kompaniýasy döwlet kärhanasynyň, RŽD AGPJ-niň, Rohi Ohani Toçikiston döwlet unitar kärhanasynyň, Beijing Fast and Best Logistics Co.

Ltd kompaniýasynyň, ITM-Group kompaniýasynyň wekilleri türkmen tarapynyň şertlerine, maddy-tehniki düzümine we beýleki aýratynlyklaryna uly baha berip, gatnaşyk etmäge hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

Aýratyn-da täze ulag ýollarynyň çekilmegi, awtoulag we demir ýol, deňiz ýollary arkaly halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi, olarda howpsuzlyk şertlerine berk gözegçilik etmek, ýurtlaryň import-eksport şertleriniň depginini ýokarlandyrmak duşuşygyň mazmunynyň esasyny düzdi.

Ýene degişli makalalar

28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TULM Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi
RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
Azyk önümlerini öndürýän AGPJ-leriň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek teklip edildi
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Türkmenistan Hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär