2019-njy ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde Hazar deňzi Gara deňiz (CSBS) halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň ýörite duşuşygy geçirildi.Buharestde geçirilen gepleşikleriň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa portlarynyň üsti bilen ýük gatnawlaryny artdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyny höweslendirmek, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça dörttaraplaýyn iş toparyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly tehnologiýany peýdalanmagyň we maglumat alşylmagyny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.Duşuşygyň jemleri boýunça dört ýurduň daşary işler ministrleri Türkmenistanyň daşary işler ministri R.
Meredow, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarow, Gruziýanyň daşary işler ministri Dawid Zalkaliani we Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu dagy Buharest beýannamasyna gol çekdiler.Bu beýannama transport logistik taslamany amala aşyrmagy taýýarlamak bilen meşgullanjak döwletara iş toparyny döretmegi göz öňünde tutýar.Hazar deňzi Gara deňiz (CSBS) halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasy geçen ýylyň 24-25-nji oktýabrynda dört ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda öňe sürüldi.
Bu ugur Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenistandan Azerbaýjana, ondan aňry hem demir ýol arkaly Gruziýanyň Gara deňiz portlaryna we ol ýerden hem Rumyniýa uzaýar.Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşygy her ýylda geçirilip, indiki duşuşygyň Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.