Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Ulaglar ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen, parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary halkara bileleşiginde giňden makullanylýar we dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar.
Bu ugurda bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge hem-de täzelerini gurmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we deňiz ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär.
Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanyşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär.Ulag-aragatnaşyk ulgamy sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda GazagystanTürkmenistanEýran demir ýolunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň, döwrebap awtoulag ýollarynyň, howa menzilleriniň we beýleki düzümleýin desgalaryň ähmiýeti örän uludyr.Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ulag ulgamynda halkara taslamalary hem iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, “Lapis Lazuli” ylalaşygyna laýyklykda, Owganystandan ýola çykan ýük kerweni biziň ýurdumyzyň üsti bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty arkaly Azerbaýjana, ol ýerdenem Gruziýa hem-de Türkiýä baryp ýetdi.
Milli Liderimiziň bu parasatly başlangyjy Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär.Häzir bolsa, şuňa meňzeş başga bir örän uly ähmiýete eýe bolan ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegiň üstünde netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Hazar deňzi Gara deňiz aralygynda halkara ulag geçelgelerini döretmegiň taslamasy hakykata öwrülýär.Mundan ozal, bu taslama boýunça bilermenler maslahaty geçirilýän bolsa, indi Rumyniýanyň paýtagty Buharestde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa portlarynyň üsti bilen ýük gatnawlaryny artdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyny höweslendirmek, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça dörttaraplaýyn işçi toparyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary esasynda “Demirgazyk-Günorta” hem-de “Gündogar-Günbatar” ugry boýunça häzirki zaman multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilip, olar Merkezi Aziýa, Ýewropa hem-de has alysdaky ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklarda köpri hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr taslamalaryna işjeň gatnaşmagy sebitiň möhüm ulag merkezi derejesini pugtalandyrmaga täsir eder.
Bu Beýik Ýüpek ýoluny iň täze ulag tehnologiýalary ornaşdyrylan görnüşde dikeltmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär.Goý, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurulýan bu ýol-lar halklaryň abadançylygynyň, durnukly ösüşiniň hatyrasyna asyrlarboýy hyzmat etsin, ak ýollar dowamat dowam bolsun!
Ruslan NURÝAGDYÝEW,S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.