Şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň gurnamagynda Ulag diplomatiýasy durnukly ykdysady ösüşiň aýdyň ýoly atly maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenaragatnaşyk agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, agentligiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem ýurduň beýleki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi.
Şol taryhy waka mynasybetli, maslahatda Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmegi durmuşa geçirmek, Ýewraziýanyň dünýädäki iki ykdysady giňişliklerini birikdirmek bilen baglylykda möhüm logistiki geçelgeleri kemala getirmek we Türkmenistan döwletiniň Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda uly ähmiýetli maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde eýeleýän wajyp orny barada birnäçe çykyşlar edildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ýüpek ýoly aýdym-saz we tans toparynyň ýerine ýetiren aýdymdyr, tansly çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary galdyrdy.