Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanyldy. Bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza Ýer ýüzünde ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar.
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenaragatnaşyk agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýip kesgitlenildi. Ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär.Bu babatda Aragatnaşyk hakynda, Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda, Maglumatlar we olary goramak hakynda, Kiberhowpsuzlyk hakynda, Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.
Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr.Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär.
Ýurdumyzda halkymyzyň internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, internet ulgamynyň göwrümi giňeldilip, internet akymynyň tizligi yzygiderli artdyrylýar. Olaryň häzirki wagtdaky göwrümleri halkymyzyň we halk hojalygynyň dürli edara-kärhanalarynyň internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar.
Bu günki gün ýurdumyz halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumat aragatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde sebitde esasy baglanyşdyryjy merkezi emele getirýär.Häzirki wagtda ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlaryny, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işi netijeli alnyp barylýar, optiki-süýümli magistral ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar.
Döwletimiz diňe bir merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogaryň we Günbataryň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsini emele getirýär.Häzirki wagtda ýurdumyzda 5 sany döwletara optiki-süýümli maglumat geçiş ugurlary hereket edýär.
Häzirki döwürde gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy geljekde Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrar, sebitde söwda-ykdysady we maglumat-kommunikasiýa gatnaşyklary ulgamynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder.
Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklar netijesinde gazanylýan üstünlikler hem halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň, ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy ýoly hasaplanylýar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan dünýä ähmiýetli işler, giň gerimli taslamalardyr özgertmeler milli Liderimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň beýik sepgitleri nazarlap, ösüş ýoly bilen barýandygyna şaýatlyk edýär.Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar.
Döwletimizde raýat awiasiýa pudagyny ösdürmek baradaky işler durmuşa geçirilende 2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan ugur alynýar.Maksatnamada täze howa menzilleriniň gurluşygyny hem-de ozal hereket edýänleriniň, beýleki degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, häzirki zaman uçarlarynyň we beýleki zerur tehnikalaryň satyn alynmagy, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ýaly wezipeler kesgitlenýär.
Mundan başga-da, ýurdumyz BMG-niň halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjy ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan Halkara raýat awiasiýa guramasynyň doly hukukly agzasydyr.Bu iri gurama howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli halkara kadalaryny ýola goýýar.
Munuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Howa kodeksi ýuridik we fiziki şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmakda awiasiýanyň işiniň, şeýle hem Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak, onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beýleki işiň, goranmagyň hem-de döwletiň bähbitlerini gorap saklamagyň, howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň, awiasiýa hem-de ekologik howpsuzlygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çalt depginler bilen ösýän ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegi, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna itergi berýär.Bu babatda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän işler Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilip, halkara hyzmatdaşlygynyň has hem giň gerime eýe bolmagyna, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Ilaman ÖWEZOW,
Daşoguz Halkara howa menziliniň
KAIG-nyň başlygy.