Alymlar janly-jandarlaryň näme üçin uklamaga mejbur bolýandygyny entek doly anyklamadylar.Emma ukynyň adamyň işjeňligini artdyrýandygy hakykat. Şeýle hem uky beýniniň täze zatlary öwrenmegine hem kömek edýär.
Beden saglygy üçin ähmiýetli bolan uky ýatkeşligi güýçlendirmäge kömek edýär.Lukmanlar ýatmak üçin düşege geçilenden soňra gysga wagtda uklamagy maslahat berýärler. Ýatan ýeriňde telefondyr telewizora güýmenmek ukynyň hilini peseldýär.
Adam saglygy üçin ukynyň diňe wagty däl, hiliniň hem ähmiýeti uly.Gijeki ukynyň arakesmesiz bolmalydygy, haýsydyr bir sebäp bilen oýansaň hem gysga wagtdan uklamak maslahat berilýär.Ukyňy mazaly almak ünslüligi berkidýär.
Irden ukudan oýananymyzda şähdimiz açyk, ýadawlygymyz aýrylan bolmaly.Tomus günlerinde gündizki ukynyň hem beýnä örän uly peýdasynyň bardygy bellenilýär.Günortan az-kem irkilmek beýniniň işjeňligini artdyrýar.
Mör-möjekler uklaýarmy?
Hawa. Tebigy ekoulgamyň dowam etmegi üçin örän ähmiýetli bolan bu kiçijik jandarlaryň biziňki ýaly gözüniň gabaklary ýok. Käbir mör-möjekler zeper ýetmezligi üçin antennalaryny bukýarlar. Mör-möjekleriň millionlarça görnüşi bolup, olaryň käbiri gijesine howanyň salkyn wagty uklaýar. Käbir görnüşleri bolsa, gündizine dynç alyp, gijesine iýmitlenmek üçin hininden çykýar.
Kosmonawtlar nähili uklaýar?
Halkara Kosmos Bekedinde iş alyp barýan kosmonawtlar dartyş güýji bolmadyk gäminiň içinde ýaşaýarlar. Şol sebäpli uklajak wagty howada gaýmalap ýörmezlik üçin ýörite düşege özüni berkitmeli bolýar.Bu ýerdäki kosmonawtlar her günde Ýeriň daşyndan 16 gezek aýlanýar. Şeýlelikde, olar Günüň doganyny we ýaşanyny 16 gezek görýärler. Ýagny, kosmos giňişliginde gije, gündiz, ikindi ýa-da agşam ýaly düşünje bolmaýar.
Bu bolsa, olaryň bedenleriniň biologik sagadyna täsir edýär.Ol ýerdäki ukynyň ýerdäkiden o diýen tapawudy ýok.Kosmonawtlar dartyş güýjüniň azdygy sebäpli adatdakydan 1-2 sagat az uklaýandyklaryny we düýş görýändiklerini aýdýarlar.
Deňiz howasy rahat uka
täsir edýärmi?
Gönüden-göni täsiri ýok. Emma deňiz kenarynda dynç alýan adam has köp hereket edendigi sebäpli rahat uklamagy mümkin. Şeýle hem, deňiz kenarynda howa has arassa bolýar. Sebäbi kenara urýan tolkunlar ýokary hilli kislorod bölüp çykarýar. Rahat uky üçin howanyň arassa bolmagynyň hem täsiriniň bardygy bellenilýär.