
“Eger öňki studentleriň özleri 250 adam ýygnasalar, onda konsulhana ewakuasiýany söz berýär” diýip 11-nji martda düýbi Bolgariýadaky adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) habar berýär.
Ukraýinadan gelen A.C atly student 11-nji martda irden Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhana baryp, kömek sorady. Onuň bu saparynyň maksady Ukraýinany terk etmäge mejbur ýüzlerçe türkmenler “keç ykbalyň“ takdyry bilen Türkiýä gelendiklerini we watana dolanmak üçin kömek soraýandyklaryny habar bermekdigi.
10-njy martda hem has işjeň studentler konsulhana bardylar. Olaryň biriniň THF aýtmagyna görä, konsulhananyň wekili özüni tanyşdyrman, “Ukraýinadan gelen 250 sany bosguny ýygnaň we men şonda Türkmenistana uçar gatnawyny gurnamagy söz berýärin” diýip jogap beripdir.Nämeüçin diplomatlaryň öz borçlaryny watandaşlarynyň boýnuna atýandygynyň sebäbini hiç kim düşündirmändir.
Ol ýerä baranlaryň birisi studentlerden ýeterlik adam ýygnap bolmajakdygyna howatyrlanyp – 2 ýyl bäri öýüne dolanyp bilmeýän garrylary hem studentleriň arasyna goşmagy teklip edende,diplomat çürt-kesik boýun gaçyryp, jogap beripdir diýip THF ýazýar.
Mundan soňra ýaş adamlar Telegramda“Türk-Türkmenistan” çatyny gurnanda, 160 çemesi adam ýygnanypdyr. Gije 200-den gowrak adamyň sanawy düzülipdir.(Onuň asyl nusgasy THF bar)
11-nji martda A.C zerur bolan ýolgaçylaryň ýygnalandygyny, olar barada maglumatlaryň, aragatnaşygyň sanawynyň düzülendigini diplomatlara habar beripdir.Emma, konsulhananyň işgäri sanawdakylaryň her biriniň konsulhana gelmegini we pasportynyň nusgasyny getirmegini talap edipdir.
Bize gürrüň bermekelrine görä, studentleriň Ukraýinadan Moldowa gelmegi 100 dollara deň bolupdyr.Moldowadan Türkiýä bolsa, Rumyniýa ýa Bolgariýa arkaly öz tagallalary bilen 60 dollara aşypdyrlar.
Studentler Türkmenistanyň Kiýewdaki konsulhanasyna ýüz tutanlarynda, diplomatlar olaryň ewakuasiýasyna hiç-hili kömek etmän, türk diplomatlaryna ýüz tutmaklaryny maslahat beripdirler?! diýip gurama habar berýär.
Anyk bolmadyk maglumatlara göra, Ukraýinadan Türkiýä 600 çemesi türkmenistanly aşypdyr. Olaryň arasynda eýýäm, okuwyny gutaranlar hem bar. Bularyň aglabasy Türkiýede galmagy göz öňünde tutýarlar, käbiri bolsa, Kipre aşmak üçin maglumatlar ýygnaýarlar diýip THF ýazýar.
10-njy martda halkara“Global Voices” neşiriniň ýazmagyna göra, Türkmen diplomatlary Ukraýinany terk etmek isleýän studentlere juda az kömek edýärler.
“28 ýaşly Samir Kiýewde hemişelik ýaşamaga rugsady bolan Türkmenistanyň raýaty we ol doganoglanynyň maşgalasy bilen 26-njy fewralda Ukraýinany terk etmek kararyna gelýärler.
Onuň ejesi we iki sany aýal dogany Pragada ýaşaýar.Ol Rumyniýa arkaly hossarlaryna gowuşmaga synanyşýar.Haçanda, Samiriň aýal dogany Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasyna jaň edip, türkmen raýatlarynyň serhetden neneňsi geçişi barada sorapdyr.
Türkmen konsuly öz watandaşlary serhetden geçenlerinde, pasportlaryna möhür goýulýandygyny we “çet ýurt polisiýada” hasaba durmalydygyny aýdypdyr. Konsul türkmen raýatlarynyň Rumyniýada galyp bilýändigini we ýagdaýlar kadalaşýança, Rumyniýada galmak üçin wiza almaga arza bermelidigini belläpdir.
Ol haçanda, raýatlar Rumyniýa geçensoň resmi hasaba durup, ilçihana jaň edip biljekdigini hem aýdypdyr” diýip neşir ýazýar.
Emma Samir dagy uzak ýol geçip, Rumyniýanyň serhedinden aşandan soňra konsul başgaça jogap beripdir: “Olaryň diňe 5-10 günläp Rumyniýada galmagyna rugsat edilýär we olara Türkiýä aşmagy, ol ýerde ildeşleriniň kömek etjekdiklerini berk maslahat beripdir’. Olar Rumyniýadaky ilçihanadan hiç bir goldaw we serişde alman, ýurdy terk etdiler”.
Entek türkmen diplomatlary Aşgabatdaky başlyklaryndan buýruga garaşýarka, Uzbekistan Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa döwletleri gyssagly hereket edip, ewakuasiýalary we serişdeleri yglan etdiler diýip halkara “Global Voices” habar berýär.
Mundan öň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, 28-nji fewraldan 7-nji marta çenli 4359 sany Özbegistanyň raýatynyň Ukraýinadan alynyp gidilendigini, şol döwürde 19 sany ýörite uçar gatnawynyň ýola goýlandygyny “Fergana.ru” täzelikler gullugy habar berýär.The post Ukraýinadan gelen Türkmen studentleri Türkiýede galdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.