ABŞ-niň uçar gurýan Boýing şirketi uzak möhletli (2041-nji ýyla çenli) maliýe çaklamasyndan Russiýany we MA döwletlerini aýyrdy.
Bu barada Фергана maglumat gullugy habar berýär.
Hasabatda bellenmegine görä, Ukraýinadaky uruşlar uçar senagatyna täsirini ýetirdi,hususanda, Russiýa uçarlary ibermek mümkin däl.
“Russiýa we Merkezi Aziýa döwletlerinde uçar talaplarynyň köpdigine garamazdan, häzirki ýagdaýlaryň näçe wagta çekjekdigi babatda nämälimligiň derejesi ýokary. Şonuň üçinde, biz Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleri boýunça çaklamalary çap etmekden ýüz öwürdik” diýip resminamada şirketiň söwda we bazarlama boýunça baş wise-prezidenti Ihsan Munir aýdýar.
Boýingiň öňki ýylky hasabatynda geljek 20 ýylda Russiýanyň 1500-den gowrak uçary satyn aljakdygy çak edilipdi.
Bellesek, “Türkmen howaýollarynyň”uçarlarynyň ählisi diýen ýaly Boýing. Geçen ýylyň iýunynda howa ýollary şirketi Boýing 777-200LR EZ-A780 bort sanly uçary satyn alypdy.
2021-nji ýylyň ýanwarynda berlen habara görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen howaýollaryna” iki sany Airbus A330-200 P2F kysymly ýük uçaryny satyn almaga rugsat etdi.
Mundan başga-da, uçar şirketinde üç sany IL-76 kysymly ýük uçary resmi hasaba alynan we olaryň ikisi işjeň ulanylýar.The post Ukraýinadaky uruş sebäpli, Boýing Russiýa we MA döwletlerine uçar satuwyny çaklamadan ýüz öwürýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.