
Ukraýinada Türkmenistanyň raýaty bolan Serdar Annaorazow dereksiz ýitdi. Ol Nikolaýew şäherindäki admiral Makarow uniwersitetiniň ahyrky synpynda okaýardy.
Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
Serdar Aşgabatdaky ene-atasyna iň soňky gezek 28-nji fewralda telefon edipdir. Ol 3 gün bäri ot açmalardan dostlary bilen ýerzeminde gizlenýändiklerini, şol döwürde hiç zat iýmändiklerini we daşary suw,çörek gözlemäge gitjekdilerini gürrüň beripdir. Mundan soňra Serdar telefonlara jogap bermändir.
Serdaryň ejesi onuň dostlaryndan we ýerzeminde bile bolan K.atly Büzmeýinli birine telefon etmegi başarypdyr. Ol 1-nji martda Serdar we Daşoguzly bir ýigit bilen bilelikde azyk gözlemäge çykandyklaryny habar beripdir.
Bellesek, şol gün Nikolaýewskiý welaýatynda aldym-berdimli söweşler bolupdy.
K.-niň tassyklamagyna laýyklykda, olary özleriniň rus esgerleridigini aýdanlar saklapdyrlar. Esgerler olaryň resminamalaryny barlapdyrlar, içaly bolup-bolmandyklaryny we özlerine boýun bolmaga taýýarlyklaryny sorapdyrlar. K. we onuň Daşoguzly dosty olary tassyklapdyr. Serdar bolsa, özüniň söweşlere gatnaşmandygyny we haýsyda bir tarapda söweşmek islemeýändigini we bu ýerä okamaga gelendigini aýdypdyr.
K.-niň sözlerine görä, mundan soňra olaryň kellesine halta geýdiripdirler we atyşyklary eşidipdirler. Olary näbelli ýere alyp gidipdirler we haçanda, kellelerindäki halta aýrylanda, olar ýanlarynda Serdaryň ýokdyyny görüpdirler.
Olar Serdar nirede diýip soranlarynda, esgerler jogap bermändirler we yzlaryna dolanyp ýerzeminde, sessiz oturmaklaryny tabşyrypdyrlar.
Olar Serdaryň jesedini görmändirler we onuň olendigini tassyklap bilmändirler. Birnäçe wagtdan soňra K. telefonlara jogap bermändir.
Serdaryň ene-atasy DIM-ne ýüz tutup, ogluny tapmaklaryny haýyş edipdirler. Diplomatiýa wekiliýetiniň resmisiniň sözlerine görä, olar Ukraýinanyň DIM-ne hat ýollapdyrlar we häzirki ýagdaýlarda Serdar barasynda haýsyda bir maglumat ýygnamagyň mümkin däldigi barasynda jogap alypdyrlar.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owalky maglumatlarynda Ukraýinadaky Türkmenistanyň raýatlarynyň özbaşyna ýurdy terk etmäge çalyşýandyklary barada ençeme habarlar berilipdi. Olar Rumyniýa, Bolgariýa arkaly Türkiýä aşýarlar.
Martyň başlarynda 10 sany türkmen raýaty, şol sanda, 9 aýlyk çagajygy bolan zenan Ukraýin-Rumyn serhedinden geçip, Fokşani şäherindäki bosgunlary kabul edýän merkezden kömek sorapdyrlar.
1-nji martda birnäçe türkmen raýaty Stambula geldiler. Şonda Harkowda bir türkmen raýatynyň aradan çykandygy we başga-da birisiniň ýaralanandygy habar berilipdi.
Başga bir 25 ýaşly Türkmenistanyň raýaty elinden we aýagyndan ýaraly ýagdaýda 5 günden soňra Ruminiýa aşypdyr we Sigetu-Marmasi şäherindäki keselhana ýerleşdirilipdir.
Şol bir wagtyň özünde, 28-nji fewraldan 7-nji marta çenli 4359 sany Özbegistanyň raýatynyň Ukraýinadan alynyp gidilendigini, şol döwürde 19 sany ýörite uçar gatnawynyň ýola goýlandygyny “Fergana.ru” täzelikler gullugy habar berýär.The post Ukraýinadaky söweşler wagtynda Türkmenistanly student dereksiz ýitdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.