7-nji martda “Türkmenistanyň Hronikasy” Ukraýinanyň Nikolaýew şäherindäki admiral Makarow uniwersitetiniň soňky synpynda okaýan, Türkmenistanyň raýaty Serdar Annaorazowyň dereksiz ýitendigi barada maglumat beripdi.
Şol maglumatlardan soňra studentiň ejesine IMO ulgamy arkaly jaň edilipdir. Telefon eden özüni Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgäri hökmünde tanadyp, Serdaryň ýogalandygyny we jesediniň Nikolaýew şäherindäki ölühanada saklanýandygyny habar berýär.
Ol eger ejesi garşy bolmasa,häzirki şertlerde watana alyp gidip bolmajakdygy üçin oglunyň Nikolaýewde jaýlanjakdygyny aýdypdyr.
Mundan bir sagat soňra ikinji telefon gepleşigi bolupdyr: Serdaryň ejesi oglunyň jesediniň suratyny çekip, jynazasyny we mazaryny wideýo ýazgy edip ýollamaklaryny haýyş edipdir. Şol bir ses ýagdaýlar üýtgedi we ilçihana hiç zat edip bilmeýär diýipdir.
Serdaryň ejesiniň hasaplamagyna görä, islendik ýagdaýda ilçihana oglunyň jesediniň suratyny çekmeli we resminamalaryny almaly, türkmen raýatynyň aradan çykandygyny tassyklaýan resminama düzmeli.Ilçihananyň işgäri muny näme sebäpden edip bilmeýändigini düşündirmekçi bolmandyr.The post Ukraýinada dereksiz ýiten türkmen studentiniň ejesine oglunyň aradan çykandygy habar berildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.