Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar

Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun sosial media hasabyndan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň şu gün Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirjekdigini habar berdi.

Prezidentiň Kompleksinde geçiriljek duşuşyklarda Türkiyä-Ukraina strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçiriler, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem güýçlendirilmegi maksady bilen ediljek ädimler ele alynar.

Saparyň çäginde mundan başgada Ukrainadaky soňky hadysalar bilen beýleki sebitleýin we global meseleler barada pikir alyşylar.

Ýene degişli makalalar

Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar
Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi
Fahrettin Altun Azerbaýjanyň prezidentiniň geňeşçisi Hajyýew bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny