Ukrainanyň Prezidenti Galla ylalaşygy bilen bagly beýannama berdi

Ukrainanyň Prezidenti Galla ylalaşygy bilen bagly beýannama berdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, sapar bilen Ukrainanyň Odessa şäherine baran Daniýanyň Premýer ministri Mette Frederiksen bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda, Galla ylalaşygynyň üstünde durup geçdi.

"Galla başlangyjyny Nikolaýew sebitindäki portlara çenli ýaýabaňlandyrmak we gämileriň hereketlerini çäklendirýän ähli päsgelçilikleri aýyrmagyň wagty gelip ýetdi" diýip aýdan Wladimir Zelenskiý, bu babatda Daniýanyň özlerini goldajakdygyny umyt edýändigini mälim etdi.

Zelenskiý Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşiň hem üstünde durup geçip, esasan hem Donbass sebitinde aldym-berdimli söweşleriň dowam edýändigini aýan etdi.

Zelenskiý rus harby güýçlerie garşy täsirli göreşmek üçin Ukrainanyň goşunynyň taňklara mätäçlik duýandygyny belläp, hyzmatdaş ýurtlara Ukraina taňk ugratmak tapgyryny çaltlandyrmaga çagyrdy.

Daniýanyň Premýer ministri Mette Frederiksen bolsa Wladimir Zelenskiý bilen Nikolaýew we Odessa sebitilerinde saparda bolandygyny habar berdi.

Frederiksen Russiýanyň guran hüjümleriniň netijesinde esasan hem Nikolaýew sebitindäki infrastruktura uly zyýan ýetendigini belläp, sebitiň dikeldilmegi işlerinde Ukraina goldaw berjekdiklerini mälim etdi.

Ukrainanyň Infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow, noýabr aýynda Galla ylalaşygyny Nikolaýew portyna çenli ýaýbaňlandyrmagy teklip edendigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medalynyň eýesi bilen duşuşdy
Rus Goşunynyň Guran Soňky Hüjümde 4 Adam Ýogaldy
NATO-nyň Täze Baş Sekretary Rutte Ilkinji Resmi Saparyny Ukraina Gurady
Russiýa Ugledar Şäheriniň Gözegçiligini Ele Geçirdi
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Zelenskiý Italiýa Bardy