Galla geçelgesi ylalaşygynyň çäginde awgust aýynyň 1-i bilen oktýabr aýynyň 18-i aralygynda 354 gäminiň Ukrainanyň portlaryndan ugrandygy nygtaldy.
Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglu beren ýazmaça beýannamasynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşi sebäpli dünýäde azyk ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigini ýatladyp, Türkiýäniň, Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda edýän diplomatik tagallalary netijesinde azyk kriziniň ortadan aýrylandygyny we galla geçelgesiniň açylandygyny belledi.
Karaismailogly beýannamasynda, galla geçelgesi ylalaşygynyň çäginde awgust aýynyň 1-i bilen oktýabr aýynyň 18-i aralygynda Ukrainanyň portlaryndan 354 gämi bilen 7 million 860 müň tonna gallanyň dünýä bazarlaryna ýetirlendigini nygtady.
Galla ýüklenen gämileriň Ukrainanyň Odessa, Çernomorsk we Ýužnoýe şäherlerindäki portlardan ugrandygyny aýdan ministr Karaismailoglu “Gämiler bilen arpa, bugdaý, mekge jöwen, şugundur we mekge jöwen ýagy ýaly 13 görnüşli önüm dünýä bazarlaryna ýetirildi” diýdi.
“Şu günki güne çenli Ukrainadan 7 million 860 tonna galla daşaldy” diýen Karaismailoglu “Ýükleriň 13 göterimi Afrika, 23 göterimi Aziýa, 47 göterimi hem Ýewropa ýurtlaryna ýetirildi” diýip belledi.