
Polşanyň Oba hojalygy ministrligi bilen protest geçiren daýhanlaryň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda importy çäklendirilen Ukraina degişli oba hojalyk önümleriniň Polşadan üstaşyr geçmegini gadagan etmek barada karara geldi.
Wise-premýer ministri Mihail Kolodzeýçak metbugata beren beýanatynda, kararyň Polşa bilen Ukrainanyň arasynda söwda gurallary bilen bagly ylalaşyga gol çekilýänçä çenli öz güýjüni gorajakdygyny habar berdi.
Mihail Kolodzeýçak: "Häzirki wagtda iň möhüm zat Polşa bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda düzgünleri barada ylalaşyk gazanmak" diýip belledi.
Polşanyň metbugaty üstaşyr gadagançylygyň 1-nji aprelden güýje girjekdigini habar berdi.
Bu gadagançylykdan başga-da, daýhanlara subsidiýalaryň maksatlaýyn paýlanmagyny üpjün etmek üçin çäreleriň görülmegine we Ýewropa Bileleşiginiň “Ýaşyl şertnama” çäginde düzgünleriň girizilmegine garaşylýar.
Söwda çäklendirmeleri meselesi 28-nji martda Warşawada geçiriljek Ukraina bilen Polşanyň arasyndaky gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri bolar.