Türk Döwletleri Guramasynyň VIIII Liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Özbegistanyň Samarkand şäherine giden Prezident R. T. Erdogan, saparynyň öňüsyrasynda paýtagt Ankarada Esenboga howa menzilinde metbugata beýannama berdi.
24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi barada durup geçen Erdogan, Türkiýäniň töwellaçylyk tagallalarynyň dowam edýändigini nygtady.
Prezident Erdogan, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Ukrainanyň Herson şäherinden çekilmek baradaky kararyna oňyn garaýandyklaryny nygtady.
Erdogan “G-20-niň maslahatyna Russiýanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşýarys. Russiýanyň wekiliýeti bilen maslahatyň çäginde duşuşyk geçirip bileris. Eger şeýle bolman halatynda onda Russiýa bilen telefon diplomatiýasyny dowam etdireris. Edýän töwellaçylyk tagallalarymyzyň netijeli bolmagyny umyd edýäris”diýip belledi.
Ermenistan bilen edilýän gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Erdogan, Ermenistanly ýolbaşçylar bilen soňky gezek Pragada duşuşandyklaryny ýatlatdy.
Erdogan, “Ermenistan Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklaryny pugtalandyran halatynda biz hem Türkiýe hökmünde Ermenistan bilen edýän özara gatnaşyklarymyzy ösdüreris” diýip belledi