“Ukrainanyň Gündogarynda Ýagdaý Gözegçilik Astynda, Dowla Düşmän”

“Ukrainanyň Gündogarynda Ýagdaý Gözegçilik Astynda, Dowla Düşmän”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurduň gündogarynda başdan geçirilýän dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla edýändiklerini nygtap, “Ukrainanyň gündogarynda ýagdaý gözegçilik astynda, dowla düşmän” diýdi.

Zelenskiý, Russiýa bilen başdan geçirilýän dartgynlyk meselesine garalan Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatdan soň beýannama beren Zelenskiý, ähli taraplaýyn taýardyklaryny nygtady.

Ýolbaşçylaryň degişli taýarlyklary görendiklerini aýdan Zelenskiý, “Ýolbaşçylar, dartgynlygyň dolulygyna ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär. Hyzmatdaşlarymyz, diplomatlarymyz we esasan harby goşunymyz bilen birlikde hereket edýäris. Olar bizi goraýar we biz hem olary goramak üçin parasatly çemeleşmelidiris. Ukrainanyň gündogary gözegçilik astynda we dowla düşmän” diýdi.

Beýleki tarapdan, Milli Goranyş we howpsyzlyk geňeşiniň başlygy Oleskiý Danilow, Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda, Ukrainanyň gündogarynda ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Halkdan we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden arkaýyn bolmaklaryny islän Danilow, “Hiç kim dowla düşmesin. Ýagdaý gözegçilik astynda, arkaýyn boluň” diýdi.

Ukrainanyň Russiýa serhedinde, 190 müň rus esgeriniň bardygyny aýdan Danilow “Bu biziň üçin habar däl. Esger sanynyň 2-3 müň artmagy beýle möhüm däl” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy
Gurban Babaýew “Gaýratyň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi
Iwan Danilýans Traktoryň tälimçiler düzümine goşuldy
Russiýanyň Ykdysady Görkezijileri Durnukly
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
CAFA Futsal Cup-2023-e Türkmenistandan kimler gatnaşýar?
Ronaldo 5-nji gezek Ýewropa çempionatynda, Portugaliýanyň ýygyndysy mälim edildi