
Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň Krasnodar sebitindäki Primorsko-Ahtarsk howa bazasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümleriň guralandygy habar berildi.
Rus goşunynyň ady agzalan bazany howa operasiýalary üçin ulanandygy bellenen beýanatda: "Ukrainanyň territoriýasyna Şahed kysymly uçarmansyz howa ulaglarynyň uçurylmagy, uçarmansyz howa ulaglarynyň ammarlanmagy we taýarlanmagy bilen birlikde Zaparožýe we Herson sebitlerinde iş alyp barýan rus harby uçarlarynyň abatlaýyşy üçin ulanylýar" diýip mälim edildi.
Beýanatda hüjümiň Ukrainanyň goşunynyň uçarmansyz ulgam güýçleri bilen goranmak güýçleriniň beýleki elementleriniň hyzmatdaşlygynda guralandygy aýan edildi.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň Harby-howa güýçlerine degişli Telegram hasabyndan berilen ýazmaça beýanatda, rus goşunynyň düýn gije Ukrainanyň tapawutly sebitlerine howa hüjümlerini gurandygy habar berildi.
Beýanatda hüjümde 2 sany "Iskandar-M" görnüşli ballistik raketa we 77 sany uçarmansyz howa ulagyny ulanandygy, 56 sany uçarmansyz howa ulagynyň howada täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.