Ukrainanyň Goşunlary Bahmutda Rus Hüjümlerine Garşy Göreşýär

Ukrainanyň Goşunlary Bahmutda Rus Hüjümlerine Garşy Göreşýär

Rus güýçleriniň uly göwrümli ýarag we harby güýç ýitgisine garamazdan sebiti alma synanşygyndan el çekmeýändigi habar berildi.

Britaniýa Ukrainany düzüminde az mukdarda uran bolan sowut deşiji ok-däri bilen üpjün eder.

Güllelerin döwrebap tanklaryn we sowutly ulaglaryň hatardan çykarylmagy üçin iňňän netijelidigi beýan edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Londonyň göçümine reaksiýa bildirdi.

Lawrow şeýle başlangyçlaryn dünýä derejesinde strategik durnuklylyga zarba urýandygyny aýtdy.

ABŞ bolsa Ukraina köne tanklaryn durkuny täzeläp berer.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagondan berilen beýannamada tank üpjünçiliginiň depginini güýçlendirmek üçin täze “Abrams” kysymly tanklaryň ýerine köne tanklaryn Ukrain goşunlaryna beriljekdigi habar berildi.

Ukraina 15,6 milliard dollarlyk maliýe bukjasy boýunça Halkara pul gaznasy bilen ylalaşdy.

HPG-dan berilen beýannamada maliýe durnuklylygy we ykdysady ösüşi goldamak üçin 48 aý möhletli kömegiň berilmegi boýunça ylalaşygyň gazanylandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Abrams Tanklarynyň Ukraina Gowşurlyş Işleri Birnäçe Aý Dowam Edip Biler
Ukraina ABŞ-dan F-15 we F-16 Uçarlaryny Soraýar
ABŞ-nyň Ukraina berjek tanklary Germaniýa baryp ýetdi
Putin Pyragynyň adyny gaýta-gaýta ýalňyş aýtdy: "Bu türkmen halkyny äsgermezlik bolýar"
Sky News: “Çelsini” satyn almak üçin arzalar 18-nji marta çenli kabul ediler
Milli Bahar baýramyna bagyşlanan göçme sergi